Müsüriň Ismailiýa şäherinde geçirilýän agyr atletika boýunça ýaşlar dünýä çempionaty Türkmenistan üçin uly ýeňiş getirdi: Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ikinji ýyl talyby Anamjan Rustamowa 86 kilograma çenli agram derejesinde iki altyn medal gazanyp, dünýä çempiony diýen ada mynasyp boldy. Ol iki görnüşiň jemi boýunça Hytaýdan we Ermenistandan gelen iň güýçli bäsdeşlerini yzda galdyryp, jemi 10 türgenden üstün çykdy.
Silterläp götermekde ol 107 kilogram we 110 kilogram agramyň hötdesinden gelip, dördünji netijäni görkezdi hem-de birinji orunda barýan müsürli Rahma Ahmed Elsaýedden 4 kilogram yza galdy.
Itekläp götermekde Müsüriň wekili 131 kilogram agramda berlen üç synanyşygyny hem netijeli ulanyp bilmedi. Şundan soň dünýä çempiony diýen ady almak ugrundaky esasy göreş Türkmenistandan Anamjan Rustamowanyň, Ermenistandan Ýewropanyň we 2024-nji ýylyň dünýä çempiony Emma Pogosýanyň hem-de hytaýly Sýu Linýueniň arasynda geçdi.
Anamjan itekläp götermekde birinji synanyşygynda 141 kilogram agramy ynamly göterdi, emma ikinji synanyşygynda 145 kilogram agramy saklap bilmedi.
Hytaýly türgen bolsa, tersine, ähli üç synanyşygyny (135, 142 we 146 kilogram) netijeli tamamlady. Jemi 256 kilogram netije bilen Sýu Linýue birinji orna geçdi. Emma Pogosýan hem ilkinji iki synanyşygynda 137 we 144 kilogram agramy göterip, iň ýokary baýrak ugrundaky bäsleşige goşuldy.
Ykbal çözüji pursat geldi. 145 kilogram agramdaky şowsuz synanyşykdan soň, biziň türgenimiziň tälimçileri hytaýly türgenden 1 kilogram öňe saýlanmak üçin töwekgelçilik etdiler we 147 kilogram agramy sargyt etdiler. A.Rustamowa hakyky edermenlik görkezip, 147 kilogram agramy itekläp göterdi we jemi 257 kilogram netije bilen birinji orna çykdy.
Iň soňundan Emma Pogosýan çykdy. Türkmen türgeninden öňe saýlanmak üçin ermenistanly türgen 149 kilogram agramy götermäge synanyşdy. Emma ol bu agramy göterip bilmedi we netijede Emma Pogosýan 253 kilogram (109 + 144 kilogram) bilen üçünji boldy. Hytaýly Sýu Linýue 256 kilogram (110 + 146 kilogram) bilen ikinji orny eýeledi. Dünýä çempiony diýen ada bolsa 257 kilogram (110 + 147 kilogram) netije bilen Anamjan Rustamowa mynasyp boldy.
Anamjan 2024-nji ýylda Ispaniýanyň Leon şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda 81 kilogram agramda silterläp götermekde (103 kilogram) diňe bir bürünç medal gazanypdy. Geçen ýyl bolsa Peruwyň Lima şäherinde 87 kilogram agramda ilkinji gezek dünýä çempiony bolupdy. Indi bolsa ol ikinji gezek – iteklemekde we iki görnüşiň jeminde altyn medallary gazanyp, 8-nji maýda bellän 20 ýaşyna özüne ajaýyp sowgat etdi.
Anamjan Rustamowa agyr atletika bilen Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynda ilkinji tälimçisi Deripbaý Kerimbaýewiň ýolbaşçylygynda meşgullanyp başlady. Häzirki wagtda ol paýtagtymyzda, Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Meretguly Sähetmyradowyň ýolbaşçylygynda öz ussatlygyny kämilleşdirýär.
«sportliga.com» meşhur sport neşiriniň belleýşi ýaly, Anamjanyň bu üstünliginiň Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýeti bar: ol ýurdumyzda zenanlar agyr atletikasynyň ösmegine we täze zehinleriň ýüze çykmagyna itergi berer. Bu ýeňiş türgeniň ulularyň arasyndaky geljekki hünäri üçin hem möhüm ädimdir.
«Soňky ýyllarda türkmen türgen gyzlary iri forumlarda özlerini yzygiderli tanadyp gelýärler we häzirki gazanylan üstünlik saýlanyp alnan ösüş ugrunyň dogrudygyny tassyklaýar. Bu sport görnüşinde däp boýunça güýçli hasaplanýan Hytaýyň we Ermenistanyň wekilleri üçin altyn medal ugrundaky bäsleşikde çekilen ýeňliş geljekki çempionata taýýarlyk görmekde goşmaça itergi bolar.
Öňde Rustamowany we onuň bäsdeşlerini täze ýaryşlar garaşýar, ol ýerde liderlik ugrundaky göreşiň has-da gyzykly bolar. Geljekki ulularyň arasyndaky çempionatlaryň we Olimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasynda bu ýaş türgenleriň ösüşine gözegçilik etmek aýratyn gyzykly bolar» diýlip, «sportliga.com» neşiriniň makalasynda bellenilýär.
2026-njy ýylyň ýaşlar dünýä birinjiliginde Türkmenistana dokuz türgen – bäş gyz we dört ýigit wekilçilik etdi.
Ýaryşyň soňky günlerinde, geçen ýylky 17 ýaşa çenli ýaşlar dünýä birinjiliginiň kümüş medalynyň eýesi Yslam Akmyradow 94 kilograma çenli agram derejesinde 325 kilogram (145 + 180 kilogram) netije bilen 15 gatnaşyjynyň arasynda 9-njy orny eýeledi. Süleýman Jafarow (110 kilograma çenli) 344 kilogram (157 + 187 kilogram) jemleýji görkeziji bilen 17 türgeniň arasynda 11-nji orna, agyr agramly türgen Saparbaý Atajanow (110 kilogramdan ýokary) bolsa 337 kilogram (155 + 182 kilogram) netije bilen 12 türgenden 9-njy ýere mynasyp boldy.
Geçen ýyl Lima şäherinde (Peru) geçirilen ýaşlar dünýä çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy topary iki altyn medal bilen toparlaýyn hasapda 14-nji orny eýeläpdi. Şol iň ýokary derejeli baýraklary itekläp götermekde (141 kilogram) we iki görnüşiň jemi boýunça (249 kilogram) 87 kilograma çenli agram derejesinde Anamjan Rustamowa gazanypdy.
Bu gezek bolsa Türkmenistanyň ýygyndy topary 2 altyn, 1 kümüş we 1 bürünç medal bilen 8-nji orunda tamamlady. A.Rustamowanyň iki altyn medalyndan öň, paýtagtymyzyň «Olimp» orta sport mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy, 17 ýaşly Didarbek Jumabaýew 79 kilograma çenli agram derejesinde itekläp götermekde kümüş we iki görnüşiň jemi boýunça bürünç medala mynasyp bolupdy.