Ï Türkmenistanyň žurnalistleri ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň «IVLP» maksatnamasyna gatnaşýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň žurnalistleri ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň «IVLP» maksatnamasyna gatnaşýarlar

view-icon 1046
Türkmenistanyň žurnalistleri ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň «IVLP» maksatnamasyna gatnaşýarlar

Şu günler türkmen žurnalistleriniň döredijilik topary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda gulluk iş saparynda bolýarlar. Maý aýynyň 9-da başlanan bu sapar aýyň ahyryna çenli dowam eder. Türkmen wekiliýetiniň düzüminde daşary syýasat edarasynyň, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň wekilleri bar.

Bu sapar ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýardam bermeginde Missisipi halkara ösüş konsorsiumy tarapyndan guraldy. Žurnalistleriň ABŞ-daky saparynyň dowamynda emeli aň we žurnalistikadaky tehnologiýalar bilen bagly ýörite taýýarlanan maksatnama esasynda çäreler geçiriler.

Türkmen žurnalistleri žurnalistika işinde emeli aňy ornaşdyrmakda amerikan kärdeşleriniň ulanýan esasy strategiýalary we gurallary, şeýle hem emeli aňa esaslanýan tehnologiýalaryň täsiri bilen tanşarlar. Mundan başga-da, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamyndaky meseleleri çözmekde emeli aňyň we tehnologiýalaryň mümkinçiliklerini öwrenerler.

Wekiliýetimiziň Waşington (Kolumbiýa okrugy) şäherindäki saparynyň ilkinji günleri emeli aňy kemala getirýän prosesler, olaryň tehnologik ösüşe we žurnalistika edýän täsiri bilen bagly federal ulgamlar bilen tanyşlyga gönükdirildi.

Öňde duran Sent-Luis (Missuri), Sinsinnati (Ogaýo) we Täze Orlean (Luiziana) şäherlerine guraljak saparlaryň dowamynda hem türkmen wekillerine emeli aňyň žurnalistikada iş ýüzünde ulanylmagy bilen bagly gyzykly mowzuklar we söhbetdeşlikler garaşýar.