Türkmenistanyň ýygyndy topary şu gün Täjigistanda badalga alýan Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň (CAFA) 20 ýaşa çenli ýaşlar toparlarynyň arasyndaky çempionatyna gatnaşar.
CAFA-nyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, ýaryşa Türkmenistanyň toparyndan başga-da Owganystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ýygyndy toparlary gatnaşarlar.
Bäsleşikler bir aýlawda geçiriler we iň köp utuk gazanan topar ýeňiji bolar.
Birinji tapgyrda Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň futbolçylary owganystanly deň-duşlary bilen duşuşarlar. Soňra, 13-nji maýda olar ýaryşyň eýeleri – Täjigistanyň ýygyndysy bilen oýnarlar. 15-nji maýda Gyrgyzystanyň ýygyndysy türkmen futbolçylarynyň garşydaşy bolar. Watandaşlarymyz ýaryşdaky çykyşlaryny 19-njy maýda Özbegistanyň ýygyndysyna garşy oýun bilen jemlärler.
Türkmenistanyň 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysyna milli ýygyndy toparynyň öňki meşhur futbolçysy, häzirki wagtda ýurdumyzyň ýaşlar birinjiliginde çykyş edýän «Arkadag-2» toparyna hem tälimçilik edýän 45 ýaşly Didar Hajyýew tälim berýär. Ýaşlar ýygyndysynda oňa Daýanç Garajaýew hem-de derwezeçileriň tälimçisi Saparmyrat Öwezow kömek edýärler.
Ýatladyp geçsek, mundan öňki 2025-nji ýylyň CAFA-nyň çempionatynda Türkmenistanyň 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysy Döwletmyrat Annaýewiň ýolbaşçylygynda alty toparlaryň arasynda bäşinji orny eýeläpdi. Şonda Täjigistanyň Tursunzade şäherinde geçirilen bäsleşikde biziň futbolçylarymyz Owganystanyň ýygyndysyny 4:2 hasabynda ýeňmegi başarypdylar. CAFA-nyň karary boýunça, şol oýnuň iň oňat oýunçysy diýlip biziň toparymyzyň futbolçysy Orazguly Orazgulyýew ykrar edilipdi.