11-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilip başlanan «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly III halkara bäsleşigiň çygrynda bu institutyň mugallymlary we talyplary üçin okuw sapaklar alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň wekilleri üçin Lançžou uniwersitetiniň syýasat we halkara gatnaşyklar institutynyň professory, Türkmenistany öwrenmek boýunça derňew merkeziniň ýolbaşçysy Wan Sihaý gyzykly hem peýdaly çykyş taýýarlady.
Professor merkeziň işi, onuň ikitaraplaýyn akademik gatnaşyklary berkitmekdäki orny, şeýle-de bu merkezi döretmegiň strategik maksatlary barada jikme-jik aýdyp geçdi. Alymyň türkmen akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň we hytaýly nusgawy şahyrlaryň eserlerinde filosofik konsepsiýasyna deňeşdirme beren çykyşy diňleýjilerde uly täsir galdyrdy. Bu okuw sapagy tamamlanandan soňra gatnaşyjylaryň arasynda çekişme geçirildi we talyplar özlerini gyzyklandyrýan sowallara doly jogap aldylar.
Soňra Lançžou uniwersitetiniň Syýasat we halkara gatnaşyklar institutynyň dosenti Pu San «Hytaýyň tagamyndan Hytaý siwilizasiýasyna çenli» atly mowzuk boýunça çykyş etdi. Onuň çykyşy diňleýjilere hytaý halkynyň baý medeni mirasyna däp-dessurlar we medeni gymmatlyklar arkaly täzeçe garamaga mümkinçilik berdi.
Geçirilen okuw sapaklar talyplaryň hytaý dilini öwrenmäge bolan gyzyklanmasyny we Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky köptaraplaýyn dialogyň geljekde has-da ösmeginde hem-de özgermeginde ýaşlaryň gatnaşmaga bolan höwesini artdyrmakda möhüm itergi berdi.
11-nji maýda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Diplomatiýanyň ileri tutulýan ugurlary boýunça okuw merkezinde Täjigistanyň milli uniwersitetiniň dünýä ykdysadyýeti kafedrasynyň dosenti Mahadmumin Tagoýew okuw sapagyny geçirdi.
Myhman diňleýjilere häzirki zaman dünýä ykdysadyýetiniň ösüş ugurlary, ykdysady modeller we halkara söwda gatnaşyklarynyň aýratynlyklary barada gymmatly maglumatlary ýetirdi. Çykyşda häzirki zaman dünýä hojalygynyň ösüşiniň düýpli esaslaryna hem-de maliýe-ykdysady ulgamlaryň özara gatnaşyklaryna aýratyn üns berildi.
Okuw sapagynyň barşynda dosent Mahadmumin Tagoýew ykdysady hünärler boýunça türkmen diplomatiýasynyň ýokary mekdebinde bilim alýan talyplara degişli maslahatlar berdi. Baý tejribesine daýanmak bilen ol ýerli, çäk we dünýä ykdysadyýetini seljermekde, analitiki başarnyklary kämilleşdirmekde we halkara ykdysady görkezijileri özleşdirmekde täsirli usullar bilen paýlaşdy.
Soňunda talyplar öz sowallaryna doly jogap aldylar. Çäre diňe bir talyplaryň hünär tejribesini baýlaşdyrmak bilen bagly bolman, eýsem türkmen-täjik ylym-bilim hyzmatdaşlygyny we ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşygy berkitmäge ýardam berdi.