Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Ylymlar güni mynasybetli «XXI asyrda ylym we bilim» atly halkara ylmy maslahat geçiriler.
Ylmy forum 5-nji iýunda onlaýn görnüşinde türkmen, rus we iňlis dillerinde bolar.
Institut maslahata gatnaşmaga ýurdumyzyň we daşary döwletleriň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzüminiň wekillerini, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlaryny we ylmy işgärlerini çagyrýar.
Halkara maslahatyň çäklerinde aşakdaky ugurlar boýunça bäş sany bölümçe öz işini alyp barar:
I. Taryh, jemgyýetçilik ylymlary we medeni mirasy;
II. Ýaş nesle bilim bermegiň döwrebap usullary;
III. Filologiýanyň häzirki zaman meseleleri;
IV. Tebigy ylymlar we ekologiýada durnukly ösüş;
V. Takyk ylymlary we sanly tehnologiýalar.
Forumyň dowamynda degişli ugurlar boýunça ylmy çykyşlar bilen bir hatarda, gatnaşyjylaryň arasynda häzirki zaman ylmynyň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşmalar hem-de bilim ulgamynyň esasy wezipeleri barada ylmy çekişmeler meýilleşdirilýär.
Maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänler maý aýynyň 20-sine çenli özleri baradaky maglumatlary, çykyşlaryň tezislerini we annotasiýalaryny tdmugiylymbolum@gmail.com elektron salgysy arkaly guramaçylyk komitetine ibermelidirler.
Çäre baradaky has giňişleýin maglumatlar institutyň saýtynda ýerleşdirildi, şeýle hem şu telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilersiňiz: +993 (422) 3-45-53; +99365240454.
«Ylym we bilim XXI asyrda» atly halkara ylmy maslahat Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň ylmy-barlag işleriniň netijeleri bilen tanyşmak we olara bilelikde baha bermek, ylmy tejribe alyşmak üçin şertleri döretmek, häzirki zaman bilim tehnologiýalaryny işläp düzmekde gazanylan üstünlikleri öwrenmek hem-de halkara ylmy hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen geçirilýär.