Şu gün paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisi öz işine başlady. Bu forum ykdysady gatnaşyklaryň binýadyny pugtalandyrmak bilen bir hatarda, GDA ýurtlarynyň demir ýol edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmegiň ýolunda möhüm ädimdir.
“Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda guralýan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisiniň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mejlise gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. “2025-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisinde hödürlenen 2026 — 2035-nji ýyllar üçin «BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygy» atly Kararnamanyň taslamasy şol ýylyň ahyrynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan tassyklanyldy. Munuň özi ulag geçelgelerini ösdürmek, durnuklylygyny ýokarlandyrmak we ähli ýurtlar üçin olaryň elýeterliligini üpjün etmek bilen, halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny birleşdirmäge giň mümkinçilikleri açýar” diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda belleýär. Mejlise gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek ugrunda, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki iri halkara guramalaryň meýdançalarynda hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýeleýär. Ýurdumyzyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň, GDA agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän mejlisiň çäklerinde ugurdaş çäreleriň guralmagyna möhüm ähmiýet berlendigini aýtmak gerek.
Mejlisiň dowamynda demir ýol ulagy edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri çykyş edip, GDA agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň döwletara derejede demir ýol ulagynyň işini utgaşdyrmak, halkara demir ýollar torunyň tehnologik bitewüligini üpjün etmek, bu düzümleri häzirki zaman şertlerinde ösdürmek ýaly wezipeleriň oňyn çözgüdini esasy ugur edinýändigini nygtadylar. Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri bu guramanyň işjeň agzasy bolmak bilen, sebitde ylalaşykly ulag syýasatynyň kemala gelmegine uly goşant goşup gelýär. Bu bolsa sebitiň çäklerinde demir ýol ulagy düzümleriniň sazlaşykly ösdürilmegini, utgaşykly ulag syýasatynyň amala aşyrylmagyny üpjün edýär. Munuň özi GDA-nyň çäklerinde halkara üstaşyr ýükleriň daşalmagynyň ugurlarynyň artmagyny şertlendirýär.

Mejlisde GDA agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň geçen döwürde ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy we özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda geňeşiň iş meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek babatda gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Çykyş edenler sebitde üstaşyr ýük daşamalaryň möçberini artdyrmakda Türkmenistanyň işjeň orny eýeleýändigini bellemek bilen, ulag düzümlerini düýpli döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek bilen, netijeli halkara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak arkaly bu ugurda ägirt uly mümkinçilikleriň döredilýändigine ünsi çekdiler. Döwletleriň, sebitleriň we yklymlaryň arasynda dostluk, hyzmatdaşlyk köprülerini gurýan Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynda ulag diplomatiýasyna aýratyn ornuň degişlidigini aýdyp, çykyş edenler GDA agza ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän mejlisde hut şu ugurlar boýunça özara pikir alşylmagynyň ähmiýetini bellediler.
2023-nji ýylyň maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda 26-njy noýabry “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi. Şeýle-de mejlisde çykyş edenler 2016-njy ýylda Aşgabatda BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatynyň geçirilendigini aýdyp, Türkmenistanyň ulag ulgamynda öňe sürýän başlangyçlarynyň Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändigini nygtadylar. Munuň özi Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi esasy ugur edinýän daşary syýasatynyň giň goldawa eýe bolýandygynyň beýanydyr.

Häzirki döwürde yklymyň möhüm çatrygynda ýerleşýän ýurdumyz milli ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli döwrebaplaşdyrýar. Bu bolsa Türkmenistanyň halkara üstaşyr mümkinçilikleriniň artmagyna giň ýol açýar. Şunda ýurdumyzyň çäginden halkara ähmiýetli awtomobil we demir ýollaryň geçýändigini bellemek gerek. Gazagystan — Türkmenistan — Eýran, Kerki — Ymamnazar — Akina halkara demir ýollaryny, Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat — Farap demir ýol köprüsini muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. Olar halkara ulag ýollaryny birleşdirýän esasy ulag geçelgeleri bolup hyzmat edip, ýurdumyzyň üstaşyr mümkinçiliklerinden peýdalanmaga gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň sanynyň yzygiderli artmagyny şertlendirýär.
Günüň ikinji ýarymynda GDA agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisiniň çäklerinde ikinji “Ýaş demir ýolçular” forumy geçirildi. Onda bu ugry sazlaşykly ösdürmegiň strategiýasyny işläp taýýarlamak, demir ýol ulaglary edaralary üçin ýokary hünärli işgärleri ýetişdirmek bilen baglanyşykly meseleler wajyp wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Demir ýollary ulanmak arkaly üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmegiň geljegi, sebitde ýük daşamalary artdyrmak barada pikir alyşmalar boldy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan halkara giňişlikde durnukly ulag ulgamyny ösdürmekde öňdebaryjy orny eýeleýär. Döwletleriň arasynda ulag aragatnaşygyny ilerletmekde ýurdumyzyň tagallalaryny, bu ugurda gazanylan üstünlikleri we başlangyçlary aýratyn bellemeli. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2026 — 2035-nji ýyllary Durnukly ulagyň onýyllygy diýip yglan etmek hakynda kabul eden Kararnamasynyň durmuşa geçirilmegine goşant goşmak möhümdir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýan ýurdumyzyň halkara başlangyçlarynyň Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilmegi Garaşsyz Watanymyzyň dünýä giňişligindäki abraýynyň belende galmagyny şertlendirýär.
Ýurdumyzyň soňky ýyllarda çalt depginde ösýän demir ýol ulgamy täze tapgyra gadam basdy. Bu bolsa Diýarymyzda ulag-aragatnaşyk ulgamyna degişli iri taslamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň netijesidir. Munuň özi sebitiň çäklerinde Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ulag geçelgeleri boýunça ýük daşamalary artdyrmak, ýurdumyzyň üstaşyr mümkinçilikleriniň ählumumy derejede peýdalanylmagyny üpjün etmek ugrunda başlangyçlaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna giň ýol açar. Ýurdumyzda demir ýol ulagy boýunça geçirilýän halkara forumlar bu ugurda ýola goýlan gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylmagynda uly ähmiýete eýedir.
GDA agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisi hem-de ikinji “Ýaş demir ýolçular” forumy öz işini dowam edýär.