Mary welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Mary şäheriniň 1-nji sport mekdebiniň sport toplumynda 2026-njy ýylyň Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň deslapky tapgyrynyň ikinji aýlawy 4-nji tapgyr duşuşyklary bilen başlandy.
Şu ýyl çempionlyk ugrunda sekiz toparyň bäsleşýändigini ýatladýarys. Olaryň üçüsi – «Köpetdag», «Senagatbank» we «Migrasiýa» toparlary Aşgabat şäherine, ikisi – «Deňizçi» we Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy (TNGIZT) toparlary Balkan welaýatyna, galan üçüsi – «Farap», «Gümrükçi» we «Nesil» toparlary Lebap welaýatyna wekilçilik edýär.
Deslapky tapgyrda gatnaşyjylar iki topara bölündi. «A» toparçada «Köpetdag», «Farap», «Senagatbank» we «Gümrükçi» toparlary , «B» toparçada bolsa «Deňizçi», «Nesil», «Migrasiýa» we TNGIZT toparlary çykyş edýär.
Ýaryşyň düzgünnamasyna laýyklykda, birinji tapgyrda toparlar öz toparçalarynda iki aýlaw boýunça duşuşarlar. Birinji aýlawyň duşuşyklary Lebap welaýatynda geçirildi. Netijede, «A» toparçada häzirki çempion «Köpetdag» topary üç duşuşygyň hemmesinde ýeňiş gazandy, «B» toparçada bolsa «Deňizçi», «Migrasiýa» we TNGIZT toparlary 6 utuk bilen öňdeligi paýlaşdylar.
Deslapky tapgyryň netijeleri boýunça her toparçadan iň gowy iki topar gönüden-göni final tapgyryna çykar. Galan toparlar bolsa 5 – 6-njy orunlar ugrunda goşmaça ýaryşarlar we şol ýerlerden hem final tapgyryna gatnaşjak toparlar kesgitlener.
Şeýlelikde, final tapgyry güýzde alty toparyň gatnaşmagynda dört aýlaw boýunça geçiriler we onuň netijesinde Türkmenistanyň futzal boýunça 2026-njy ýylyň çempiony belli bolar.
Ikinji aýlawyň birinji oýun gününde «A» toparçanyň toparlary meýdança çykdy. Birinji duşuşykda «Köpetdag» topary «Farap» toparyny 16:1 hasabynda uly hasap bilen ýeňdi. Beýleki duşuşykda bolsa «Senagatbank» «Gümrükçi» toparyndan 8:6 hasabynda üstün çykdy.
Bu duşuşyklardan soň «Köpetdag» 12 utuk bilen öňdeligini has-da berkitdi. Ikinji we üçünji orunlary 6 utuk bilen «Senagatbank» hem-de «Migrasiýa» toparlary paýlaşýar. Ýaryş sanawynyň iň soňunda bolsa heniz utuk gazanyp bilmedik «Farap» topary ýerleşýär.
«B» toparçada «Deňizçi» toparynyň futzalçylary «Nesil» toparyny ynamly görnüşde 5:0 hasabynda ýeňdi. «Migrasiýa» bolsa TNGIZT toparyndan birinji aýlawdaky ýeňlişini ýerine salyp, 4:2 hasabynda ýeňiş gazandy. Dört tapgyrdan soň bu toparçada «Migrasiýa» bilen «Deňizçi» toparlary 9 utuk bilen öňdeligi paýlaşýar. Ondan soňky orunlarda TNGIZT (6 utuk) we heniz utuk gazanyp bilmedik «Nesil» topary ýerleşýär.