Ï Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde halkara ylmy – amaly maslahat geçirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde halkara ylmy – amaly maslahat geçirilýär

view-icon 131
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde halkara ylmy – amaly maslahat geçirilýär

13-nji maýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Ylymlar güni, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli «Häzirki zaman ylmy barlaglar we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň açylyş dabarasy geçirildi.

Halkara foruma Russiýa, Belarus, Gazagystan, Täjigistan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Eýran, Azerbaýjan, Ermenistan, Türkiýe, Hytaý, Italiýa, Daniýa, Rumyniýa, Bangladeş, Hindistan, Ruanda, Alžir, Namibiýa, Mýanma, Gruziýa, Kamboja, Tanzaniýa we Gana ýaly 24 ýurtdan gelen 100-den gowrak professor-mugallymlar, alymlar hem-de hünärmenler gatnaşýar.

Türkmenistanyň 30 sany ýokary okuw mekdeplerinden we ylmy-barlag edaralaryndan, jemi 288 wekil gatnaşýar.

Halkara maslahat türkmen, rus we iňlis dillerinde onlaýn görnüşde geçirilýär.

Maslahatyň umumy mejlisinde soňky ýyllarda türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň tagallalary netijesinde Türkmenistanyň ylym-bilim hyzmatdaşlygynyň dünýä ýurtlary bilen yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi. Türkmenistan dünýä derejesinde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek boýunça alnyp barylýan işler bilen bir hatarda, ählumumy durnukly ösüşi gazanmak maksady bilen, bilim, ylym we tehnologiýalar ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça giň gerimli işleri yzygiderli we netijeli amala aşyrýar.

Maslahat mynasybetli uniwersitetde tematiki sergi guralyp, onda türkmen alymlarynyň, professorlar-mugallymlarynyň we talyplarynyň okuw-usuly, ylmy-barlag işleri boýunça gazanan ýokary netijeleri, şeýle hem ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyndaky üstünlikleri giňden görkezildi.

Şu gün, 14-nji maýda iki günlük maslahat aşakdaky dört bölümçede öz işini dowam etdirdi:

I. Tebigy ylymlaryň häzirki zaman ösüşinde innowasion tehnologiýalaryň orny. Tebigy ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagyň usulyýetiniň kämilleşdirilmegi;

II. Sanly tehnologiýalary ösdürmekde takyk ylymlaryň gazanan üstünlikleriniň ähmiýeti. Takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagyň häzirki zaman usullary;

III. Ynsanperwer ylymlary ösdürmegiň esasy ugurlary: taryh, psihologiýa, pedagogika, hukuk we jemgyýeti öwreniş ylymlarynyň wajyp meseleleri;

IV. Türkmen we daşary ýurt dillerini, edebiýatyny öwrenmegiň ylmy esaslary hem-de okatmagyň usulyýeti. Terjimäniň nazaryýeti we amalyýeti.

Ylmy-amaly maslahatyň çäklerinde gatnaşyjylar tejribe alyşmaga, häzirki zaman bilim tehnologiýalaryny işläp taýýarlamakdaky ylmy üstünlikleri, özleriniň ýokary okuw mekdeplerinde, bilim we ylmy merkezlerinde alnyp barylýan ylmy-barlag hem-de ylmy-usuly işler boýunça netijeleri bilelikde ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik alarlar.

Halkara forumyň jemleri boýunça makalalaryň gysgaça beýanlarynyň elektron ýygyndysyny neşir etmek meýilleşdirilýär.

Daşary ýurtly alymlaryň we professorlaryň maslahata gatnaşmagy häzirki zaman ylmyň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmek boýunça milli tejribäniň baýlaşmagyna, ylmyň möhüm ugurlarynda iň täze ylmy gazanylanlary öwrenmäge we olary ornaşdyrmaga, şeýle hem parahatçylyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň dünýä ýurtlary bilen halkara ylym-bilim hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga uly goşant goşar.