Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Kazan şäherinde geçirilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maslahatynda çykyş edip, bilim we magaryf ulgamynda ähmiýetli başlangyç bilen çykyş etdi.
Gahryman Arkadagymyz ICESCO bilen ynsanperwer hyzmatdaşlygy ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitläp, «Yslam şygryýet dialogy: paýhas we asyrlaryň baglanyşygy» atly giň gerimli maksatnamany durmuşa geçirmegi teklip etdi. Bu taslama dünýä jemgyýetçiligini yslam dünýäsiniň gadymy döwürlerden şu günlere çenli bolan filosofik we edebi mirasy bilen giňden tanyşdyrmaga gönükdirilendir.
«Liriki we şahyrana pikiriň beýany bolmagy yslam filosofiýasynyň taryhy aýratynlygydyr. Şonuň üçin ilkinji ädim hökmünde musulman dünýäsiniň görnükli şahyrlarynyň, akyldarlarynyň, filosoflarynyň, şeýle hem özüni yslama, yslam medeni koduna, dünýägaraýşyna degişli hasaplaýan awtorlaryň eserlerini öz içine aljak «Yslam şygryýetiniň bütindünýä antologiýasyny» döretmek barada oýlanmagy teklip edýäris» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.
Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň siwilizasiýalaryň arasyndaky dialogy berkitmäge hem-de halkara gatnaşyklarynda ynsanperwerlik taglymlary ilerletmäge ygrarly bolup galýandygy nygtaldy.