Ï Türkmenistanyň wekiliýeti FAO-nyň Sebitleýin maslahatynyň 35-nji mejlisine gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň wekiliýeti FAO-nyň Sebitleýin maslahatynyň 35-nji mejlisine gatnaşdy

view-icon 82

2026-njy ýylyň 11–12-nji maýynda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministri Çaryýar Çetiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO)Ýewropa boýunça Sebitleýin maslahatynyň 35-nji mejlisine gatnaşdy. Maslahat Duşenbe şäherinde geçirilip, oňa sebitiň döwletleriniň, halkara guramalaryň we degişli edaralaryň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Maslahatyň dowamynda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, oba hojalygyny durnukly ösdürmek, häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, suw we ýer serişdelerini netijeli peýdalanmak, şeýle hem agrarçylyk ugurda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Forumyň çäklerinde duşuşyklar geçirildi we Türkmenistan bilen FAO-nyň arasynda oba hojalygy, azyk howpsuzlygy we daşky gurşawy goramak ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň geljegi boýunça pikir alşyldy.