Ï Emeli aň ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri: Türkmenistanyň wekiliýeti Kazan Digital Week – 2026 halkara forumyna gatnaşýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Emeli aň ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri: Türkmenistanyň wekiliýeti Kazan Digital Week – 2026 halkara forumyna gatnaşýar

view-icon 134
Emeli aň ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri: Türkmenistanyň wekiliýeti Kazan Digital Week – 2026 halkara forumyna gatnaşýar

2026-njy ýylyň 29-31-nji oktýabry aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagtynda Kazan Digital Week – 2026 halkara forumy geçirilýär. Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary Berdimyrat Berdiýew ýolbaşçylyk edýär.

«Kazan EKSPO» halkara sergi merkezinde geçirilýän çäre dünýäniň 76 ýurdundan 20 müňden gowrak wekilleri bir ýere jemledi. Foruma döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, işewür toparlaryň, ylmy düzümleriň wekilleri hem-de sanly tehnologiýalary işläp düzüjiler gatnaşýarlar.

Şu ýyl forumyň esasy temasy emeli aňyň amaly taýdan peýdalanylmagy bilen baglanyşykly boldy. Foruma gatnaşyjylar sanly ulgamy ösdürmek, kiberhowpsuzlyk hem-de senagatda, döwlet dolandyryşynda, saglygy goraýyşda, bilimde, oba hojalygynda we beýleki pudaklarda sanly çözgütleri ornaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

B.Berdiýew halkara forumynyň açylyş dabarasynda çykyş etmek bilen, üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň giň möçberli Döwlet maksatnamasyna ünsi çekdi. Ýurdumyz özüniň sanly gün tertibini işjeň ösdürýär we Gündogar bilen Günbataryň, Demirgazyk bilen Günortanyň esasy üstaşyr gatnawlarynyň çatrygynda ygtybarly sanly köprini kemala getirmegi maksat edinýär.

Döwlet we jemgyýetçilik pudaklarynda emeli aň çözgütlerinden peýdalanmak boýunça işleriň alnyp barylýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, bilim we saglygy goraýyş pudaklaryna adaptiw bilim beriş ulgamlary we keselleri irki anyklaýyş algoritmleri ornaşdyrylýar, ykdysadyýetde bolsa ekinleriň hasyllylygyny öňünden çaklamak hem-de ýol hereketini intellektual esasda dolandyrmak ulgamlary işe girizilýär.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy Arkadag şäheriniň «akylly» we ekologiýa taýdan durnukly şäheriň nusgasyna öwrülendigini nygtady. Onuň infrastrukturasy doly derejede öňdebaryjy maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň çözgütlerine we «ýaşyl» tehnologiýalara esaslanýar. Zatlaryň interneti (IoT) we emeli aň tehnologiýalary umumy şäher dolandyryş we howpsuzlyk platformasyna birleşdirildi.

Tehnologik oýlap tapyşlaryň sergisi Kazan Digital Week – 2026 halkara forumynyň merkezi meýdançalarynyň biri boldy. Sergide döwlet guramalarynyň, iri kompaniýalaryň hem-de täze döredilen kiçi tehnologik kärhanalaryň sanly çözgütleri görkezildi.