Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň döredijilik topary ata-babalarymyzyň öçmejek yzlary galan şöhratly geçmişimizi, türkmen dünýäsiniň milli däp-dessurlaryny, ynsanperwer ýörelgelerini öz içine alýan taryhy eserleri, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent ruhuny özünde jemleýän, Gahryman Arkadagymyzyň paýhas ummanyndan hasyl bolan ajaýyp kitaplary esasynda milli mirasymyzyň özboluşly dünýäsini, zamanamyzyň ajaýyplyklaryny, jemgyýetimiziň nurana keşbini açyp görkezýän sahna eserleri bilen birlikde, doganlyk halklaryň edebiýatyna hem yzygiderli ýüzlenýär.
Bu bolsa tomaşaçylara dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna, umumadamzat gymmatlyklary bolan ynsanperwerlik, ahlaklylyk ýaly ýörelgeler bilen, bilelikde doganlyk halklaryň ruhy dünýäsine, däp-dessurlaryna aralaşmaga mümkinçilik berýär. Ynha, ýaňy-ýakynda teatryň döredijilik topary tarapyndan sahnalaşdyrylan belli tatar dramaturgy Tufan Minnuliniň «Hüwdi» atly pýesasyny hem ýokarda aýdylanlara mysal hökmünde getirmek bolar. Ähli döwürlere we halklara mahsus bolan ynsan gatnaşyklary, nesil terbiýesi, ene mähri, maşgalada ýüze çykýan çylşyrymly durmuş wakalary ýaly meseleleri öz içine alýan täze sahna eseriniň şowly çykandygyny onuň ilkinji görkezilişine gatnaşan döredijilik we sungat işgärleri, şol sanda baýry aktýorlar belläp geçdiler. Täze sahna oýnuny ýaş, zehinli režissýor Suraý Rahmanowa sahnalaşdyrypdyr. Bu sahna oýny öň şowly çykan Täze ýyl ertekilerine režissýorlyk eden S.Rahmanowanyň ilkinji uly göwrümli sahna oýnudyr. Täze sahna eseriniň aýratyn tarapy oňa diňe zenanlaryň gatnaşmaklygydyr we wakalaryň çaga dogrulýan öýde bolup geçmegidir.
Durmuşdaky gapma-garşylyklaryň, çagalara terbiýe bermekdäki hatalaryň soňlugyça ahmyra öwrülip, ykbalyňa we çagalaryň geljegine edýän ýaramaz täsiri ýaly wajyp meseleler aktýorlaryň döredijilik ussatlygy bilen utgaşyp, tomaşaçyny wakalaryň jümmüşine alyp gidýär. Täze sahna eserinde türkmen we tatar halklarynyň taryhy kökleriniň, edim-gylymlarynyň, däp-dessurlarynyň ýakynlygy tomaşaçynyň spektaklda beýan edilýän wakalara çuňňur aralaşmagyna ýardam edýär. Eserde täze çagalary bolan gelinleriň häsiýetleriniň we ykballarynyň üsti bilen sahna oýnunyň mazmuny açylýar. Spektaklda nesil terbiýesiniň özeni bolan enäniň çaga bolan bimöçber mähri, ene hüwdüsiniň jadylaýjy owazy, kähalatlarda maşgala terbiýesinde goýberilýän säwlikler, maşgala agzalalygy zerarly perzentleriň ene mährinden jyda bolmaklygy ynandyryjy wakalaryň üsti bilen beýan edilýär we perzent terbiýesine biparh garamagyň şarpygyny dadan ýaş enäniň täze dünýä inen ilkinji perzendinden ýüz öwürmegi, onuň düzedip bolmajak ýagdaýlara ulaşmagy yzarlanylýar.
Bu ýerde esasy bellenilmeli zat spektaklyň gahrymanlary – gelinleriň ykballarynyň dürli-dürlüligidir. Sahna oýnunyň dowamynda ilki bilen dilewar hem-de degişgen, durmuş synaglaryndan geçen köp çagaly ene Gülfina (onuň keşbinde Gülşät Amandurdyýewa) orta çykýar. Ol ilkinji perzende ýüzi düşen otagdaş gelinlere maşgalada zenanyň we enäniň orny barada durmuşdan täsirli mysallar getirip öwüt berýär, göwünlerini göterýär. Bir otagda ykbalyň duşuran gelinleri Altynsaç (Gülälek Jumaýewa) hem-de Walentina (Dursun Taganowa) Gülfina bilen çalt ysnyşýarlar, öz takdyrlary barada maslahat soraýarlar. Ýöne otagdaky gelinleriň dördünjisi Dilemma (onuň keşbinde Aýna Rozyýewa) welin bulara goşulmaýar we özüni gödek alyp barýar.
Onuň ilkini gezek ýüzi düşen çagajygyndan ýüz öwürmegi bolsa ýanyndaky gelinleri, çaga dogrulýan öýüň işgärlerini serpmeden gaýdan ýaly edýär. Oňa ýanyndaky gelinleriňde, lukmanlaryňda töwellalary täsir etmeýär. Dilemmanyň ejesi Rimmanyň (Gülälek Şaýmerdanowa) ýaşlykda ýalňyz gyzyny ýalňyz goýup, nädogry ýola düşmegi, gaýyn enesi Wazifanyň (Aýgözel Sahatowa) maşgala, onuň agzalaryna biparh garamagy, gedemligi ýaşlygynda ene terbiýesini ýeterlik almadyk ýaş gelniň perzendinden ýüz öwürmekligine çenli getirýär. Umuman, täze spektakldaky wakalaryň ýaşlar üçin terbiýeçilik ähmiýetiniň uludygyny bellemek bilen, onuň ene süýdüniň, ene hüwdüsiniň bahasyna ýetip bolmajak zerurlykdygyny, kerem-keramatdygyny açyp görkezmegi gutlamaly ýagdaýdyr.
Täze sahna eserinde ýokarda atlary agzalan aktýorlar bilen birlikde baş lukman Lidiýa Mihaýlownanyň hem-de lukman Aýzara Ahatownanyň keşplerini döreden Bagsere Rawşanowanyň we Gülbahar Gurbangulyýewanyň, şeýle hem şepagat uýasy Ninanyň we çaga dogrulýan öýüň işgäri Ýasminanyň keşplerini janlandyran Zuhra Şukurowanyň hem-de Ogulbossan Ýazjumaýewanyň ynandyryjy hereketleri olaryň zähmetleriniň ýerine düşendigini görkezýär. Şowly çykan spektaklyň sahna we saz bezegleriniň-de (degişlilikde Mähri Gurbangeldiýewa we Kemal Geldimyradow) oýnuň wakalary bilen sazlaşýandygyny bellemek bolar. Täze spektaklyň ilkinji görkezilişine gatnaşyjylar sahna eseriniň režissýory Suraý Rahmanowa täze döredijilik üstünliklerini arzuw etdiler.