Ï Türkmenistanyň tennisçileri Dewisiň Kubogynyň saýlama ýaryşynyň final tapgyryna gatnaşmak üçin Gazagystana ugradylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň tennisçileri Dewisiň Kubogynyň saýlama ýaryşynyň final tapgyryna gatnaşmak üçin Gazagystana ugradylar

view-icon 154
Türkmenistanyň tennisçileri Dewisiň Kubogynyň saýlama ýaryşynyň final tapgyryna gatnaşmak üçin Gazagystana ugradylar

Şu gün Aşgabatdan Özbegistanyň üsti bilen türkmen tennisçileri Aziýa sebitiniň iň güýçli 16 toparynyň gatnaşmagynda 18 – 23-nji maý aralygynda Şimkent şäherinde 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçiriljek Dewisiň Kubogynyň saýlama ýaryşynyň final tapgyryna gatnaşmak üçin Gazagystana ugradylar.

Türkmenistanyň ýygyndysy ilkinji gezek bu abraýly saýlama ýaryşynyň final tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Şeýle üstünlik şu ýylyň mart aýynda Kolombo şäherinde geçirilen ýaryşyň deslapky tapgyryndaky üstünlikli çykyşyň netijesinde gazanyldy.

Halkara tennis federasiýasy (ITF) hem-de Aziýanyň tennis federasiýasy (ATF) tarapyndan Şri-Lankanyň paýtagtynda geçirilen «DCJ Asia/Oceania Pre-Qualifying» ýaryşyna 15 toparyň gatnaşandygyny ýatladýarys.

Altynjy belgi bilen çykyş eden Türkmenistanyň milli ýygyndysyna Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Süleýman Hudaýberdiýew, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Aly Geldiýew hem-de A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Kerimgeldi Guldurdyýew wekilçilik etdiler. Ýetginjekleriň arasyndaky Dewisiň Kubogynyň saýlama ýaryşynda biziň toparymyzyň kapitanynyň wezipelerini Türkmenistanyň sport ussatlygy ýokary mekdebiniň 31 ýaşly tälimçi-mugallymy, Türkmenistanyň Kubogy – 2024 ýaryşynyň bürünç baýragynyň eýesi Gurbanberdi Gurbanberdiýew ýerine ýetirdi.

Birinji tapgyrda watandaşlarymyz Omanyň ýygyndy toparyny 3:0 hasabynda ýeňip hem-de meňzeş 2:1 hasabynda Mýanmanyň we Singapuryň toparlaryndan (2-nji belgi) ýeňiş gazanyp, «B» toparçasynda birinji orny eýelediler. Türkmen ýetginjekleri çärýek finalda bäşinji belgide çykyş eden filippinli deň-duşlaryndan – 2:0 hasabynda üstün çykdylar we taryhda ilkinji gezek ýaryşyň iň gowy toparlarynyň ilkinji dörtlügine girdiler.

Türkmenistanyň wekillerinden başga-da, Şimkentde 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky Dewisiň Kubogynyň saýlama ýaryşynyň esasy ýaryşy – Aziýa final tapgyryna ýollanmalaryň 4-si ugrunda Awstraliýanyň, Hytaý Gonkongynyň, Hindistanyň, Indoneziýanyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Koreýa Respublikasynyň, Pakistanyň, Tailandyň, Hytaý Taýbeýiniň, Özbegistanyň, Ýaponiýanyň, Malaýziýanyň, Wýetnamyň we Şri-Lankanyň toparlary bäsleşerler.

Türkmenistanyň ýygyndysynyň garşydaşlary ýaryşyň öňüsyrasynda geçiriljek bije çekişliginiň netijesinde belli bolar.

Ýetginjekleriň arasyndaky Dewisiň Kubogy Halkara tennis federasiýasy tarapyndan 16 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda Dünýä Kubogy hökmünde 1985-nji ýylda girizildi, 2002-nji ýylda bolsa häzirki adyna üýtgedildi. Her ýyl dürli ýurtlar sebitleýin saýlama ýaryşlaryna gatnaşyp, olaryň ýeňijileri finala çykmak bilen çempion adyna eýe bolmak ugrunda bäsleşýärler.