Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 7-nji tapgyrynyň duşuşyklary janköýerlere gyzykly pursatlary peşgeş berdi. Ýaryşda öňdäki orunlary eýeleýän toparlar ýaryş tertibindäki orunlaryny has-da berkitdiler, «Arkadag» topary bolsa taryhy senesini uly hasap bilen belläp geçdi.
«Aşgabat» köpugurly stadionynyň esasy meýdançasynda çempionatda öňdäki orunda barýan «Arkadag» topary «Köpetdag» toparyny 7:1 hasabynda utup, ynamly ýeňiş gazandy. Duşuşygyň ykbaly eýýäm birinji ýarymda çözüldi. Şol wagtda şertli taýdan öý eýeleriniň derwezesine bäş pökgi girizildi. Hasap 18-nji minutda Wahyt Wahydowyň öz derwezesine salan pökgüsi bilen açyldy. «Arkadag» toparynyň düzüminde Meýlis Diniýew (19-njy we 60-njy minutlar) hem-de Mirza Beknazarow (34-nji we 77-nji minutlar) hersi iki pökgi geçirdiler. Şeýle-de Yhlas Toýjanow (23-nji minut) bilen Begenç Akmämmedow (41-nji minut) hersi bir gezek tapawutlandylar. «Köpetdag» topary diňe 80-nji minutda Mekan Amannyýazowyň geçiren pökgüsi bilen jogap bermegi başardy.
«Arkadag» toparynyň bu ajaýyp ýeňşi toparyň taryhyndaky möhüm waka bilen gabat geldi. Takyk bir ýyl mundan ozal türkmen futbol topary ilkinji halkara kubogyny – AFK-nyň 2024 – 2025-nji ýyllar möwsüminiň Çagyryş ligasynyň Kubogyny gazanypdy. Ýatlap geçsek, şol dartgynly final duşuşygynda Kambojanyň Pnompen şäherindäki «Morodok Teço» milli stadionynda «Arkadag» topary ýerli «Prea Han Riç Swaý Riýeng» toparyny goşmaça wagtda 2:1 hasabynda ýeňipdi. Ýeňiş getiren pökgini 112-nji minutda Altymyrat Annadurdyýew geçiripdi.
7-nji tapgyryň beýleki bir duşuşygynda paýtagtymyzyň «Nusaý» stadionynda «Ahal» topary myhmançylykda «Aşgabat» toparyny 3:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşygyň esasy pursady birinji ýaryma goşulan dördünji minutda Oraz Orazowyň geçiren iň soňky pursatdaky pökgüsi boldy. Arakesmeden soň, 50-nji minutda Süleýman Mirzoýew hasaby artdyrdy, 81-nji minutda bolsa Enwer Annaýew 11 metrlik jerime urgusynda dürs urup, duşuşygyň soňky nokadyny goýdy.
Medallar ugrunda bäsleşýän paýtagtymyzyň «Altyn asyr» topary hem Balkanabatdan möhüm üç utuk gazanyp gaýtdy. Topar «Nebitçi» toparyny 2:0 hasabynda ýeňdi. Hasaby 28-nji minutda Röwşengeldi Halmämmedow açdy. Ýer eýeleri duşuşygy halas etmäge synanyşsalar-da, esasy wagta goşulan dördünji minutda Abdyrahman Annamyradow ýeňiji baradaky ähli soraglara jogap berdi.
Tapgyrdaky ýeke-täk deňlik – 1:1 hasabyndaky duşuşyk Türkmenbaşy şäherinde geçirildi. Bu ýerde ýerli «Şagadam» topary «Merw» toparyny kabul etdi. Marydan gelen myhmanlar eýýäm 8-nji minutda Kemal Annamuhammedowyň derwezä geçiren pökgüsi bilen hasaby açdylar. «Şagadam» topary duşuşygyň dowamynda garşydaşynyň goragyny böwüsmäge çalyşdy we 76-njy minutda Ýagşysähet Döwletgeldiýewiň dürs urgusy netijesinde deňlik gazandy.
Ýedi tapgyrdan soň ýaryş tertibiniň ýokarky orunlarynda ähli duşuşyklarynda ýeňiş gazanan «Arkadag» topary 21 utuk bilen birinji ýerde ýerleşýär. 16 utuk bilen «Altyn asyr» topary ondan bäş utuk yzda barýar. Baýrakly üçlügi 14 utuk bilen «Ahal» topary jemleýär.
Hüjümçileriň sanawynda «Ahal» toparynyň hüjümçisi Süleýman Mirzoýew (1 jerime urgusyndan) bilen «Şagadam» toparynyň futbolçysy Serdar Gulyýew (2-si jerime urgusyndan) hersi derwezä bäş pökgi geçirip, öňdeligi paýlaşýarlar. Dört pökgi (1 jerime urgusyndan) «Altyn asyr» toparynyň futbolçysy Mekan Aşyrowyň we «Arkadag» toparynyň futbolçysy Didar Durdyýewiň hasabynda bar.
Milli çempionatyň ikinji aýlawyna badalga berjek 8-nji tapgyrda «Merw» – «Arkadag», «Köpetdag» – «Ahal», «Aşgabat» – «Altyn asyr» we «Nebitçi» – «Şagadam» toparlary duşuşarlar.