Ï Mekdep okuwçylary üçin ekologiýa çäresi guraldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mekdep okuwçylary üçin ekologiýa çäresi guraldy

view-icon 152
Mekdep okuwçylary üçin ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 116-njy orta mekdebiň binýadynda okuwçylar üçin ekologiýa çäresini gurady.

Durnukly ösüş maksatlaryna bagyşlanan çäre ösüp gelýän nesilleriň ekologiýa medeniýetini kemala getirmäge, mekdep okuwçylarynyň daşky gurşawy goramak baradaky bilimlerini baýlaşdyrmaga hem-de tebigy serişdelere aýawly garamagyň wajypdygyna bolan düşünjelerini giňeltmäge gönükdirildi.

Çäräniň dowamynda okuwçylara Durnukly ösüş maksatlarynyň esasy ugurlary barda giňişleýin maglumat berildi. Daşky gurşawy goramak, suwy we energiýany tygşytlamak, şeýle hem galyndylary azaltmak ýaly möhüm meseleler beýan edildi. Çäräniň çäklerinde aň-düşünje beriş häsiýetli dürli oýunlaryň, sowal-jogap alyşmalaryň, toparlaýyn işleriň geçirilmeginiň netijesinde mekdep okuwçylary täze maglumatlary aňsat kabul etdiler hem-de tiz özleşdirdiler.

Okuwçylar duşuşyga işjeň gatnaşyp, şahsy pikirlerini aýtdylar we daşky gurşawy goramak boýunça özleriniň gysgaça tekliplerini beýan etdiler. Bu bolsa ýaşlaryň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça möhüm hem-de umumy wezipelere çynlakaý gyzyklanýandyklaryny ýüze çykardy.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Bu ýere ýygnananlar ekologiýa medeniýetini ösdürmäge, ýaş nesilleri terbiýelemäge we bilim bermäge uly goşant goşýan şeýle çäreleri yzygiderli geçirmegiň zerurdygyny bellediler.