Türkmenistanly türgenler Türkiýäniň Antalýa şäherinde tamamlanan sportuň kontakt jiu-jitsu görnüşi boýunça dünýä çempionatynda dürli gymmatlyga eýe bolan 42 medal gazandylar. Ýaryşlar Halkara jiu-jitsu federasiýasynyň (JJIF) howandarlygynda geçirilip, oňa 16 ýurtdan 245 türgen gatnaşdy.
Ýaryşyň netijeleri boýunça türkmen jiu-jitsu ussatlary 14 altyn, 11 kümüş we 17 bürünç medal gazanyp, toparlaýyn medal sanawynda birinji orny eýelediler.
Ikinji orny Wýetnamyň ýygyndysy (14 altyn, 3 kümüş we 2 bürünç medal), üçünji orny bolsa Gazagystanyň topary (10 altyn, 13 kümüş we 16 bürünç medal) eýeledi.
Aýratyn bellemeli ýagdaýlaryň biri hem türkmen türgenlerimiziň köpugurlylygy we ýokary beden taýýarlygydyr. Olaryň birnäçesi şol bir wagtyň özünde birnäçe ugurda we ýaş toparlarynda üstünlikli çykyş etdiler.
Bu uly ýeňiş hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, şeýle-de Watanymyzyň halkara sport giňişligindäki abraýyny has-da ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn strategiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.
Jjiu-jitsu boýunça dünýä çempionatlary JJIF tarapyndan 1994-nji ýyldan bäri her iki ýyldan bir gezek geçirilýär we dürli düzgünler boýunça birnäçe tapgyrda guralýar. «Kontakt jiu-jitsu» düzgüni bolsa ýaryşlaryň maksatnamasyna 2017-nji ýylda girizildi.