Ï Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä şäherler forumynyň 13-nji mejlisine gatnaşýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä şäherler forumynyň 13-nji mejlisine gatnaşýar

view-icon 101

2026-njy ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-Habitat tarapyndan Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümeti bilen bilelikde guralan Bütindünýä şäherler forumynyň On üçnji mejlisine (WUF13) gatnaşýar.

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy öz çykyşynda forumyň gatnaşyjylaryny «akylly», «ýaşyl» we howpsuz şäher konsepsiýalaryny özünde jemleýän Arkadag şäheriniň mysalynda Türkmenistanyň döwrebap şähergurluşyk ulgamyndaky baý tejribesi bilen tanyşdyrdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary esasynda gurlan täze dolandyryş merkeziniň taslamasynyň ekologik şertleriň ylmy seljermesine esaslanýandygy hem-de bökdençsiz şäher gurşawyny döretmäge, ekologik taýdan arassa ulaglary ösdürmäge we kuwwatly lukmançylyk klasterini kemala getirmäge gönükdirilendigi aýratyn bellenildi.

Forumyň öňüsyrasynda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliyew Derýageldi Orazowy kabul etdi. Duşuşygyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan mähirli salamlaryny ýetirdi. Prezident Ilham Aliyew salamlar üçin minnetdarlygyny bildirdi we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa özüniň mähirli salamlaryny ýetirmegi haýyş etdi. Taraplar WUF13-iň gün tertibini, şeýle hem iki halkyň sarsmaz dostlugynyň we doganlygynyň nyşany hökmünde türkmen tarapyndan Fizuli şäherinde gurulýan metjidiň gurluşyk işlerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle abraýly halkara foruma gatnaşylmagy Bitarap Türkmenistanyň durnukly ösüş maksatlaryna, ählumumy abadançylygyň bähbidine köptaraply ekologik we innowasion hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarlydygyny aýdyň görkezýär.