Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Azat Öwezowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti şu ýylyň 18–23-nji maýy aralygynda Ženewa şäherinde (Şweýsariýa Konfederasiýasy) geçirilýän Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň işine gatnaşýar.
Halkara forumyň çäklerinde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyna (BSG) agza döwletleriň wekilleri ähliumumy saglygy goraýyş gün tertibiniň häzirki zaman meseleleriniň giň toplumyny, halkara hyzmatdaşlygy berkitmegi we milli jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamlarynyň durnukly ösüşini üpjün etmegi ara alyp maslahatlaşýarlar.
Ženewada bolmagyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy Azat Öwezow bilen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory doktor Tedros Adhanom Gebreýesusyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar özara gatnaşyklaryň häzirki derejesine ýokary baha berdiler we jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamyndaky uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen bilelikde durmuşa geçirýän bilelikdäki maksatnamalarynyň ýokary netijeliligi bellenildi.
Türkmen tarapy BSG bilen dialogy has-da çuňlaşdyrmaga ygrarlydygyny beýan edip, BSG-niň Baş direktory doktor Tedros Adhanom Gebreýesusy sebit ähmiýetli iri çärelere gatnaşmak üçin 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistana sapar bilen gelmäge resmi taýdan çagyrdy.
Türkmen wekiliýetiniň iş saparynyň çäklerinde birnäçe möhüm köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.
17-nji maýda BSG-niň Ştab-kwartirasynda «tegelek stoluň» başynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň – Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň saglygy goraýyş ministrleriniň we wekiliýet ýolbaşçylarynyň BSG-niň Ýewropa sebit edarasynyň Sebitleýin direktory doktor Hans Klýuge bilen resmi däl duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň esasy maksady 2026–2030-njy ýyllar üçin Merkezi Aziýada saglygy goraýyş we abadançylyk baradaky Ýol kartasynyň (MAÝK 2.0) institusionallaşdyrylmagynyň jemleýji tapgyryny ara alyp maslahatlaşmak we utgaşdyrmak, şol sanda ony strategik hyzmatdaşlygyň esasy sebitleýin formaty hökmünde resmi taýdan kabul etmek we işe girizmek boldy.
Ýol kartasyny resmi taýdan işe girizmek üçin yzygiderli ädimler, şeýle hem ony beýleki ýokary derejeli sebitleýin prosesler, şol sanda GDA-da Saglygy goraýyş ýylynyň çäklerindäki çäreler bilen utgaşdyrmagyň mümkinçiliklerine garaldy.
Doktor Hans Klýuge bilen geçirilen ikitaraplaýyn duşuşykda taraplar saglygy goraýyş ulgamyndaky sebitleýin özara gatnaşyklaryň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we jemgyýetçilik saglygy goraýyş çözgütlerinde hyzmatdaşlygy has-da berkitmegiň geljegini bellediler.