Ï Bilim ulgamynda emeli aňy peýdalanmakda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bilim ulgamynda emeli aňy peýdalanmakda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

view-icon 105
Bilim ulgamynda emeli aňy peýdalanmakda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Londonda geçirilen Bütindünýä bilim forumyna gatnaşan (Education World Forum 2026) Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti mowzuklaýyn bölümçelere, sanlylaşdyrma, emeli aň, bilim özgertmelerini dolandyrma, mugallymlary taýýarlama we bilim tehnologiýalarynyň täsirliligini bahalandyrma ulgamynda işleýän halkara guramalar we kompaniýalar bilen ikitaraplaýyn duşuşyklara gatnaşmagyny dowam edýär.

Türkmen wekiliýetiniň «OpenAI» bilen geçiren duşuşygynda emeli aňy bilim ulgamynda ulanmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda esasan hyzmatdaşlygyň iki ugruna: bilimiň hilini ýokarlandyrmak üçin emeli aňy peýdalanmaga we okuwçylaryň, talyplaryň, mugallymlaryň hem-de dolandyryş işgärleriniň arasynda emeli aň sowatlylygyny ösdürmäge üns çekildi.

Biziň wekillerimiz ýurdumyzda bilimi sanlylaşdyrmak, elektron bilim platformalaryny ösdürmek hem-de okuwçylaryň ýetişigi, sapaklara gatnaşygy, bilim traýektoriýalary we okuwyň netijeleri baradaky maglumatlara esaslanýan seljeriş ulgamyny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

«OpenAI» kompaniýasynyň wekilleri aýry-aýry bilim edaralarynda ChatGPT Edu ýa-da şoňa meňzeş çözgütleri synag taslamasy hökmünde ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri barada gürrüň berdiler. Maksatly toparlary saýlap almak, mugallymlary taýýarlamak, emeli aňy howpsuz peýdalanmagyň düzgünleri, maglumatlary goramak, akademiki arassalyk we şeýle gurallaryň bilim netijelerine edýän täsirine baha bermek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle-de taraplar emeli aňyň ornaşdyrylmagynyň okatmagyň hiline, okuwçylaryň özbaşdaklygyna, endikleriniň ösdürilmegine we okatmagyň netijeliligine ýetirýän hakyky täsirini derňemek maksady bilen, geljekki taslamalara ylmy-derňew bölegini girizmek mümkinçiligini hem gözden geçirdiler.

Geljekki ädimler hökmünde synag başlangyçlarynyň mümkin bolan görnüşlerini öwrenmek, bilim ulgamynda emeli aňy peýdalanmagyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek, şeýle hem emeli aňy peýdalanmak boýunça amaly endikleri ösdürmäge gönükdirilen talyplar hakatony ýa-da beýleki çäreleri guramak mümkinçiliklerine garamak göz öňüne tutuldy.

Bu duşuşyk emeli aňy jogapkärçilikli peýdalanmak, sanly bilim analitikasy, mugallymlary taýýarlamak we geljekki zähmet bazary üçin zerur bolan döwrebap başarnyklary kemala getirmek babatda hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki gyzyklanmany tassyklady.