Ï Ýokary hilli bilim – üstünlikli geljegiň binýady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýokary hilli bilim – üstünlikli geljegiň binýady

view-icon 180

Ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde bolşy ýaly, okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli Daşoguz welaýatyndaky ähli umumybilim berýän orta mekdeplerde 25-nji maýda «Soňky jaň» dabaralary geçiriler. Okuwda tapawutlanan uçurymlara we bilim ulgamynyň işgärlerine ýadygärlik sowgatlary gowşurylar, şeýle hem dürli medeni-köpçülikleýin çäreler guralar.

Bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, häzirki wagtda Daşoguz welaýaty umumybilim berýän hem-de mekdebe çenli çagalar edaralarynyň giň ulgamy bilen üpjün edilendir. Welaýatda bäş ýüzden gowrak orta mekdep hereket edýär. Şolaryň hatarynda daşary ýurt dillerini we beýleki dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen mekdepler, mekdep-internatlar hem bar. Okuw edaralarynyň tehniki taýdan döwrebaplaşdyrylmagy yzygiderli dowam etdirilýär, bu bolsa bilim işine häzirki zaman tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagyny üpjün edýär. Umumybilim berýän orta mekdeplerde döredilen şertler ýokary bilimli ýaş nesliň kemala gelmegine ýardam berýär. Şunuň bilen birlikde, okuwçylaryň aň-paýhas taýdan ösüşi bilen bir hatarda olaryň beden taýdan taýýarlygyna hem degişli üns berilýär.

Welaýatyň dürli ýerlerinde her ýyl häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän täze mekdepler gurlup ulanmaga berilýär. Ýakyn ýyllarda olaryň sany Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan Daşoguz şäherinde hem-de onuň käbir etraplarynda açyljak täze bilim edaralary bilen artar.