Ï Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Nýu-Ýorka sapary başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Nýu-Ýorka sapary başlandy

view-icon 112
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Nýu-Ýorka sapary başlandy

2026-njy ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde geçiriljek «BMG-niň Tertipnamasynyň maksatlaryny we ýörelgelerini berjaý etmek hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi ornuna esaslanýan halkara ulgamy berkitmek» atly ýokary derejeli açyk pikir alyşmalaryna gatnaşmak üçin Nýu-Ýork şäherine iş sapary başlandy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Çäräniň we saparyň çäklerinde meýilleşdirilýän ikitaraplaýyn duşuşyklaryň dowamynda halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny saklamak, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem häzirki zaman halkara gatnaşyklarynda BMG-niň ornuny berkitmek bilen baglanyşykly halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.