Ï Ru­hy tä­miz­li­giň we kämilligiň baý­ra­my
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ru­hy tä­miz­li­giň we kämilligiň baý­ra­my

view-icon 96
Ru­hy tä­miz­li­giň we kämilligiň baý­ra­my

Düýn Gur­ban baý­ra­my­nyň il­kin­ji gü­nü­niň da­ba­ra­la­ry ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­ri­ni gur­şap al­dy. Paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da we Arkadag şä­he­rin­de ýaý­baň­lan­dy­ry­lan baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry hal­ky­my­zyň mu­kad­des baý­ra­ma goý­ýan hor­mat-sar­pa­sy­nyň aý­dyň ny­şa­ny­na öw­rül­di. Gur­ban baý­ra­my eziz Di­ýa­ry­my­zyň ag­zy­bir hal­ky­nyň toý ru­hu­ny be­len­de gö­ter­ýär. Mu­nuň özi asyr­lar aşyp gel­ýän däp-des­sur­la­ryň hä­zir­ki döw­rüň ru­hu­na ky­bap de­re­je­de da­ba­ra­lan­dy­ryl­ýan­dy­gy­nyň ny­şa­ny­dyr.

Gur­ban baý­ra­my­nyň il­kin­ji gü­nü­niň da­ba­ra­la­ry­nyň bag­ty­ýar hal­ky­myz ta­ra­pyn­dan uly ru­hu­be­lent­lik bi­len gar­şy­la­nan­dy­gy­ny bel­le­me­li. Ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da, ak mer­mer­li Aş­ga­bat­da hem-de Arkadag şä­he­rin­de sä­her bi­len jemagat bolup baý­ram na­mazynyň okalmagy hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­ni, je­bis­li­gi­ni we ýur­du­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­ny ýe­ne bir ýo­la äş­gär et­di. Mu­nuň özi Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ta­gal­la­la­ry esa­syn­da asyl­ly ýö­rel­ge­le­riň ag­zy­bir­lik­de do­wa­ma­ta ata­ryl­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň güwäsidir. Şun­da hal­ky­my­zyň milli däp-des­sur­la­ry ber­jaý et­me­gi, Gur­ban baý­ra­my­nyň her bir gü­nü­niň ýat­da ga­ly­jy pur­sat­la­ra bes­len­me­gi ug­run­da äh­li ze­rur şert­le­riň dö­re­dil­ýän­di­gi nyg­tal­ma­ga my­na­syp­dyr.

Hor­mat­ly Prezidentimiziň Gur­ban baý­ra­my my­na­sy­bet­li hal­ky­myza ibe­ren Gut­la­gyn­da bel­leý­şi ýa­ly, eziz Di­ýa­ry­my­zyň äh­li se­bit­le­rin­de baý­ram­çy­lyk gün­le­rin­de baý maz­mun­ly, kö­pö­wüş­gin­li aý­dym-saz­ly da­ba­ra­lar, me­de­ni-jem­gy­ýet­çi­lik çä­re­le­ri ge­çi­ril­ýär. Gur­ban­lyk sa­da­ka­la­ry ber­lip, her bir maş­ga­la­da be­re­ket­li sa­çak­lar giň­den ýa­zyl­ýar, baý­ram­çy­lyk ta­gam­la­ry hö­dür­le­nil­ýär. Il-ýur­duň asu­da­ly­gy, Wa­ta­ny­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy, ro­waç­ly­gy üçin ýag­şy do­ga-di­leg­ler edil­ýär. Ýur­du­myz­da jem­gy­ýet­de ru­hy sag­dyn­ly­gyň, ah­lak kämilliginiň ber­ka­rar bol­ma­gy ug­run­da ze­rur ta­gal­la­lar edil­ýär. Mu­kad­des­lik­le­re zy­ýa­rat et­mek üçin ze­rur şert­ler dö­re­dil­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de wa­tan­daş­la­ry­my­zyň müň­ler­çe­si ys­lam dün­ýä­si­niň ke­ra­mat­ly kün­jek­le­rin­de bo­lup, haj par­zy­ny ber­jaý ed­ýär­ler.

Gur­ban baý­ra­my my­na­sy­bet­li ýaý­baň­lan­dy­ry­lan da­ba­ra­lar be­lent hiň­ňil­dik­le­riň ýa­nyn­da gu­ra­lan aý­dym-saz­ly çy­kyş­lar bi­len ut­ga­şyk­ly­lyk­da do­wam et­di. Ýaş­la­ryň şat­lyk-şow­hu­ny da­ba­ra­la­ra öz­bo­luş­ly baý­ram­çy­lyk öwüş­gi­ni­ni çaý­dy. Yn­san­per­wer­lik, hoş­ni­ýet­li­lik, goň­şa bo­lan hor­mat-sar­pa asyr­la­ryň do­wa­myn­da türk­men hal­ky­na mah­sus bo­lan hä­si­ýet­ler­dir. Şo­ňa gö­rä-de, hal­ky­myz Gur­ban baý­ra­my­ny iň oňat ar­zuw­lar bi­len gar­şy al­ýar.

Gur­ban baý­ra­my dur­mu­şyň oňat baş­lan­gyç­la­ry­na bo­lan yna­my has-da pug­ta­lan­dyr­ýar. Şun­da hal­ky­my­zyň ru­hu­be­lent­li­gi we iş­jeň­li­gi be­lent mak­sat­la­ryň amala aş­ma­gy­ny şert­len­dir­ýär. Däp bol­şy ýa­ly, il­deş­le­ri­miz baý­ram na­ma­zyn­dan soň­ra, do­gan-ga­ryn­daş­la­ry­nyň, goň­şu­la­ry­nyň öýü­ne ba­ryp, hem­me­le­re pa­ra­hat­çy­ly­gy we aba­dan­çy­ly­gy ar­zuw­lap, gur­ban­lyk sa­da­ka­la­ry­nyň ka­bul bol­ma­gy­ny di­leg ed­ýär­ler.

Gur­ban baý­ra­my­nyň hor­ma­ty­na ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ry­nyň, Aş­ga­bat we Arkadag şä­her­le­ri­niň baý­ram­çy­lyk meý­dan­ça­la­ryn­da be­lent ru­ha bes­le­nen aý­dym-saz­ly çy­kyş­la­ra giň orun be­ril­di. Bag­şy-sa­zan­da­la­ryň joş­gun­ly aý­dym-saz­la­ryn­da ýur­du­myz­da amala aşy­ryl­ýan be­ýik iş­le­re buý­sanç, hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­mu­şy öz be­ýa­ny­ny tap­dy.