Ï «Ahal» futbol topary myhmançylykda «Merw» toparyny, «Aşgabat» topary bolsa öz meýdançasynda «Nebitçi» toparyny utdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Ahal» futbol topary myhmançylykda «Merw» toparyny, «Aşgabat» topary bolsa öz meýdançasynda «Nebitçi» toparyny utdy

view-icon 71
«Ahal» futbol topary myhmançylykda «Merw» toparyny, «Aşgabat» topary bolsa öz meýdançasynda «Nebitçi» toparyny utdy
camera-icon
tff.com.tm

2026-njy ýylyň futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň toparlarynyň arasynda geçirilýän çempionatynyň 10-njy tapgyrynyň jemleýji duşuşyklary janköýerlere ýaryş tertibi babatda örän möhüm bäsleşikleri sowgat etdi. «Ahal» topary myhmançylykda ynamly bäsleşip, üç utugy öz hanasyna ýazdyran bolsa, «Aşgabat» topary öz meýdançasynda iň pes hasapdaky artykmaçlygyny saklamagy başardy.

«Ahal» topary bu tapgyrda Maryda «Merw» toparynyň myhmany boldy. Duşuşygyň birinji ýarymy dartgynly göreşde geçdi we meýdançanyň eýeleri myhmanlaryň hüjümleriniň öňüni şowly almagy başardylar. Emma oýnuň ikinji ýarymynyň başynda «Ahal» topary «Merw» toparynyň goragyny böwüsmegi başardy. Duşuşygyň 52-nji minudynda Süleýman Mirzoýew jerime urgusyny sowukganlylyk bilen amala aşyryp, hasaby açdy. Bu gol «Merw» toparynyň oýun badyny gowşatdy we 8 minutdan soň Magtymberdy Berenow myhmanlaryň artykmaçlygyny iki esse artdyrdy. Duşuşygyň ahyryna golaý, ýagny 84-nji minutda Ýakupmuhammet Gowşudow hasaby has-da artdyrdy. «Merw» topary bolsa oýundan çykmady we bäsleşigiň iň soňky minudynda (90-njy minut) Ezizmämmet Orazmämmedowyň tagallasy bilen abraý goluny urmagy başardy. Şeýlelikde eminleriň jemleýji jürlewük sesi «Ahal» toparynyň myhmançylykda 3:1 hasabyndaky ynamly ýeňşini hasaba aldy.

Bu şowly ýeňişden soň, ýurdumyzyň wise-çempiony «Ahal» topary 20 utuk toplap, ýaryş tertibiniň ikinji ornuna galdy we hiç hili utuk ýitirmän, 30 utuk bilen öňde barýan «Arkadag» toparynyň soňunda ýerleşdi.

Beýleki bir duşuşykda bolsa, «Aşgabat» topary özüniň «Nusaý» stadionynda Balkanabadyň «Nebitçi» toparyny kabul etdi. Meýdançanyň eýeleri oýnuň başynda çalt gol urmagy maksat edindiler we ýalňyşmadylar. Eýýäm 16-njy minutda Nurulla Raimbaýewyň takyk urgusy «Aşgabat» toparyny 1:0 hasabynda öňe saýlady.

Goluň geçirileninden soň, «Nebitçi» topary başlangyjy öz eline almaga we hasaby deňlemäge çalyşdy. Oýnuň galan bölegi meýdançanyň her bir künjegi ugrunda tutluşykly we barlyşyksyz göreşde geçdi. «Aşgabat» topary goranyşda has tertipli oýun görkezip, derwezesini golsuz saklamagy we iň pes ýeňiş hasabyny goramagy başardy.

Yzly-yzyna ikinji ýeňşini gazanan Tofik Şukurowyň şägirtleri 10 utuk bilen altynjy ýerde barýan «Nebitçi» toparyndan arany 3 utuga çenli gysgaltdylar.

Iň köp gol geçiren oýunçylaryň bäsleşiginde ujypsyz üýtgeşmeler boldy. Bu tapgyrda jerime urgusyny şowly ýerine ýetiren «Ahal» toparynyň hüjümçisi Süleýman Mirzoýew özüniň 6-njy goluny urdy we şeýlelikde, iň köp gol uranlaryň sanawynyň başyny çekýän «Arkadag» toparynyň hüjümçisi Didar Durdyýewden aradaky tapawudy 3 gola çenli azaltdy. Hüjümçileriň ilkinji üçlügini bolsa 5 gol (2-si jerime urgy) bilen «Şagadam» toparynyň oýunçysy Serdar Gulyýew jemleýär.

Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatyň 11-nji tapgyry 30-njy maýda «Aşgabat» – «Merw», «Nebitçi» – «Köpetdag», «Şagadam» – «Arkadag» toparlarynyň duşuşyklary bilen başlar. Bu tapgyr medallara dalaşgärler bolan «Altyn asyr» we «Ahal» toparlarynyň arasyndaky çekeleşikli bäsleşik bilen tamamlanar.