Ï Täze okuw kitaplary çap edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze okuw kitaplary çap edildi

view-icon 64
Täze okuw kitaplary çap edildi
Täze okuw kitaplary çap edildi
Täze okuw kitaplary çap edildi
Täze okuw kitaplary çap edildi

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlarynyň taýýarlamagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine niýetlenen täze okuw kitaplary çap edildi.

Bu okuw edebiýaty Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklandy, Türkmen döwlet neşirýat gullugynda taýýarlandy we S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň çaphanasynda çap edildi.

Täze «Pudakda hasaba alyş we seljerme» okuw kitabynyň awtorlary Orazsoltan Halmyradowa, Ogulsuraý Gödekowa, Daýançmyrat Mürrikow, Maksat Jumaýew bolup durýar.

Kitapda oba hojalyk we senagat pudaklarynyň maliýe-hojalyk işleri, hasaba alyş esaslarynyň nazaryýeti we ykdysady seljerme usullary giňişleýin düşündirilýär. Okuw kitabyna girizilen temalar önümçilik we maliýe işlerine täsir etmekde uly orna eýe bolup, bu temalar «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» garalýan meselelerden ugur alnyp düzülen.

Kitap 2 sany esasy bölümden ybarat bolup, her bölüm 8 bapdan ybarat.

«Buhgalterçilik hasaba alnyşy» atly I bölüminde hojalyk hasaba alnyşy, resminamalar, pul serişdeleriniň hasaba alnyşy, senagat önümçiliginiň harajatlary, bank karz amallary, buhgalterçilik balansy we maliýe hasabatlylygy ýaly mowzuklara seredilýär.

Kitabyň «Ykdysady seljermäniň nazaryýeti» atly II bölümi bolsa ykdysady seljermäniň meselelerini, usullaryny we guramaçylygyny beýan edýär.

Bu bölümde möhüm serişdelere, zähmet gorlaryna, zähmet haky gaznasyna baha bermegiň usullary, şeýle-de oba hojalyk önümçiliginiň gaýtadan işlenilmegini hasaba almak ylmy esasda görkezilendir. Okuw kitabyň nazaryýet maglumatlary takyk mysallar we hasabatlar bilen berkidilen.

Täze okuw kitaby pudaklaýyn hasabat, oba hojalykda buhgalterçilik hasabaty we hojalyk işine seljerme ýaly dersleri öwrenýän ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary we talyplary üçin möhüm gollanma bolar.

«Zoogigiýena» atly beýleki bir täze kitap hem S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň dosenti, weterinariýa ylymlarynyň doktory Töre Garlyýew tarapyndan ýazyldy.

Kitapda zoogigiýena we onuň önümçilikde ulanylyş usullary barada aýdyň maglumat berilýär. Ylmy esasda daşky gurşawyň, howanyň, topragyň, suwuň we iýmleriň hili, şeýle-de olaryň haýwan bedenine edýän täsiri baradaky soraglaryň üstünde durlup geçilýär. Bu okuw kitabynda haýwanlaryň saglygyny berkitmäge, olaryň öndürijiligini ýokarlandyrmaga, dürli oňaýsyz şertleri daşlaşdyrmaga ýardam berýän döwrebap weterinar we sanitar çemeleşmelere, usullar hem täze ylmy düzgünlere garalýar.

Kitabyň degişli bölümlerinde atlary, itleri, iri şahly mallary, düýeleri, Türkmenistanda jüýje we hindi guşuň önümçiligi bilen degişlilikde dürli guşlary saklamagyň, hem-de emeli howdanlarda balyk ýetişdirmegiň gigiýenasy barada aýdylýar.

Giň we gyzykly maglumatlaryň esasynda kitapda ahalteke bedewlerini saklamak, athanalara bolan talaplar, nal kakmak barada taryhdan gürrüňler we pudak üçin niýetlenen döwrebap enjamlar baradaky mowzuklar beýan edilýär. Mundan başga-da geljekki hünärmenlere transportyň dürli görnüşlerinde haýwanlary we guşlary daşalanda üns bermeli weterinar-sanitar we gigiýena düzgünleri barada maglumatlar beriler.

Täze okuw kitap weterinar lukmançylyk ugry boýunça bilim alýanlara we Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň hem-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň hünärmenlerine gymmatly gollanma bolar.