Ï Aşgabatda Gruziýanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda Gruziýanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi

view-icon 16
Aşgabatda Gruziýanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi

Gruziýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynda ýurduň milli baýramy – Garaşsyzlyk güni mynasybetli resmi kabul edişlik geçirildi. Gruzin halkynyň özygtyýarlylygynyň we demokratik ösüşiniň nyşany bolan bu çäre döwlet edaralarynyň, diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň wekillerini, şeýle hem jemgyýetçilik we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini bir ýere jemledi.

Dabarany Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Konstantin Sabiaşwili açdy. Ilçi gutlag çykyşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň depginli ösüşine ýokary baha berip, hyzmatdaşlygyň esasy hereketlendiriji güýjüniň ýokary derejeli saparlaryň işjeň alyş-çalşygy bolup durýandygyny nygtady. Diplomat geçen ýylyň netijelerini iki ýurduň gatnaşyklarynda möhüm tapgyr hökmünde belläp geçdi.

«2025-nji ýyl aýratyn baý mazmunly boldy. Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobahidze resmi sapar bilen Aşgabada gelip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Şeýle hem Premýer-ministr Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşdy. Biziň ýurtlarymyzy köp zat birleşdirýär. Olar asyrlarboýy dowam edip gelýän medeni we maşgala däpleri, umumy ahlak gymmatlyklary hem-de milli aýratynlygy gorap saklamaga bolan ygrarlylykdyr. Gruzin we türkmen halklary öz taryhy köklerine deň derejede hormat goýýarlar hem-de geljege uly umyt bilen seredýärler» diýip, K.Sabiaşwili belledi.

Ilçi Türkmenistanyň Gruziýanyň özygtyýarlylygyny goldaýandygy üçin çuňňur hoşallyk bildirdi. Şeýle hem diplomat Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, döwlet işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, dostlukly ýurda parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi.

Öz gezeginde Türkmenistanyň söwda ministri Nazar Agahanow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan mähirli gutlag sözlerini ýetirdi. Ministr iki ýurduň arasynda 30 ýyldan gowrak mundan ozal ýola goýlan diplomatik gatnaşyklaryň häzirki wagtda deňhukukly we ynanyşmaga esaslanýan hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýadyna öwrülendigini belledi.

«Häzirki wagtda döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Gruziýa bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek, Ýewropa ýurtlary bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň biridir. Türkmen-gruzin ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň möhüm orny bar. 2026-njy ýylyň 7-nji maýynda Aşgabatda bu toparyň bäşinji mejlisi geçirildi we onuň jemleri boýunça hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitleýän degişli Teswirnama gol çekildi» diýip, N.Agahanow aýtdy.

Dabaraly agşam mähirli we dostlukly ýagdaýda geçdi. Çärä gatnaşyjylar iki ýurduň baý medeni mirasy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Baýramyň bezegi hökmünde däp bolan halk aýdymlary ýerine ýetirildi hem-de gruzin we türkmen milli tagamlarynyň datly görnüşleri hödürlendi.