Türkmenistanyň paýtagtynda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli uly dabaralar geçirilýär. Dabaralara Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň wekilleri, tanymal halyçy zenanlar hem-de köp sanly daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar.

Baýramçylygyň esasy wakalary bu baýram mynasybetli geçirilen haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisi boldy. Bu baýram gadymy halyçylyk sungatyny wasp etmek, ony milli mirasyň aýrylmaz bölegi hökmünde giňden wagyz etmek, ata-babalardan galan ruhy gymmatlyklara wepalylygy, özboluşly däp-dessurlaryň dowamlylygyny hem-de türkmen halyçy zenanlarynyň zähmetine çuňňur hormaty görkezmek maksadyna eýedir.

Dabaralaryň esasy geçirilýän ýeri däp bolşy ýaly, paýtagtymyzdaky Türkmen halysynyň milli muzeýi boldy. Muzeýiň zallarynda nusgawy ajaýyp halylary hem-de häzirki zaman özboluşly eserleri özünde jemleýän sergi guraldy.

Muzeýiň ýanaşyk meýdançasynda açyk asmanyň astynda haly dokalyşynyň görkezilişi guralyp, bu sungatda nesilleriň dowamlylygy aýdyň beýan edildi. Medeni maksatnama ýurdumyzyň öňdebaryjy aýdym-saz we döredijilik toparlarynyň çykyşlaryny öz içine alyp, olaryň ýerine ýetiren eserlerinde dünýä meşhur türkmen halylarynyň gözelligi we nepisligi wasp edildi.
Geçirilen çäreler ýurdumyzyň dokma pudagynyň ýokary mümkinçiliklerini hem-de türkmen halkynyň amaly-haşam sungatynyň ebedi gymmatyny nobatdaky gezek açyp görkezdi.