Ï Bagtyýar çagalygyň ýurdunda ýaş nesilleriň baýramy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bagtyýar çagalygyň ýurdunda ýaş nesilleriň baýramy

view-icon 70
Bagtyýar çagalygyň ýurdunda ýaş nesilleriň baýramy
camera-icon
Meretdurdy Rozyýew

Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabaralar giň gerime eýe boldy. Munuň özi Watanymyzda ýaş nesil hakyndaky aladanyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolmagynda galýandygyny nobatdaky gezek aýdyň ýüze çykardy. Ajaýyp sene mynasybetli esasy dabaralar paýtagtymyzdaky «Aşgabat» medeni-dynç alyş seýilgähinde geçirildi.

“Aşgabat” medeni-dynç alyş seýilgähinde geçirilen şatlyk-şowhunly, aýdym-sazly dabaralar, dürli çäreler ajaýyp pursatlara beslenip, oňa gatnaşan çagalaryň kalbynda ýakymly duýgulary döretdi. Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar çagalaryna hem-de halkyna iberen Gutlagynda nygtaýşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu halkara baýram biziň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary we bähbitleri baradaky baş ýörelgelerine ygrarlydygyny alamatlandyrýan sene hökmünde möhüm ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, dünýä bileleşigi bilen birlikde, gözel Diýarymyzda bu baýram ýokary ruhubelentlikde bellenilýär.

Dabaraly çärelere Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda işleýän halkara guramalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtly ilçiler hem-de olaryň maşgalalary, aýdym-saz, tans toparlary, ýaş nesiller gatnaşdylar.

Seýilgähde baýramçylyk görnüşinde bezelen meýdançada çykyş edenler Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli gutlaglaryny beýan edip, Türkmenistanda Milli Liderimiziň we döwlet Baştutanymyzyň tagallalary esasynda çagalaryň mähir hem-de alada bilen gurşalyp alynýandygyny nygtadylar. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işiniň ähmiýetine üns çekildi. Mälim bolşy ýaly, gaznanyň mümkinçilikleri esasynda haýyr-sahawat işleri giň gerimde alnyp barylýar.

Soňra Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko çykyş edip, ajaýyp dabara gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin türkmen halkynyň Milli Liderine we hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi. Ol Çagalary goramagyň halkara gününiň adamzadyň dostluk, parahatçylyk ýörelgelerini dabaralandyrýandygyny, çagalaryň parahat, asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamak hukuklaryny üpjün etmek babatda dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirýändigini aýtdy. BMG şu wezipeleri ýerine ýetirmekde hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly Garaşsyz Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Dmitriý Şlapaçenko geljekde-de bu ugurdaky işleriň üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, hemmeleri şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlady.

BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna dabara gatnaşyjylary Çagalary goramagyň halkara güni bilen gutlap, Türkmenistanda bu senäniň döwlet derejesinde giň gerimli dabaralara beslenýändiginiň şaýady bolýandyklaryny belledi. Munuň özi ýurtda türkmen halkynyň Milli Lideriniň we hormatly Prezidentimiziň çagalara uly üns berýändiginiň, olaryň hemmetaraplaýyn mähir-alada bilen gurşalyp alynýandygynyň netijesidir. Nygtalyşy ýaly, ÝUNISEF Türkmenistanda birnäçe ýyllaryň dowamynda netijeli işleri alyp barýar. Geçen döwürde bilelikde işlemegiň baý tejribesi toplandy. Eneleriň we çagalaryň saglygyny, hukugyny goramak, ýaş nesillere ýokary ahlak gymmatlyklary esasynda bilim-terbiýe bermek bilen bagly hyzmatdaşlyk has-da ösdürilýär. Bularyň ählisi adamzadyň parahatçylyk, dostluk we hoşniýetli gatnaşyklar baradaky belent maksatlaryny alamatlandyrýar.

Dabaranyň resmi bölegi tamamlanandan soňra, döredijilik çykyşlaryna orun berildi. Dabara gatnaşyjylar türkmen, iňlis we rus dillerinde goşgy aýdýan çagalaryň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň çagalar tans toparynyň çykyşlaryna tomaşa etdiler. Hemmeler Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli taýýarlanan meýdançalara aýlanyp gördüler. Bu ýerde BMG-niň düzüm birlikleriniň meýdançasy hem gurnalypdyr. Dabara gatnaşyjylar bu ýerde olaryň taýýarlan çykyşlaryna tomaşa etdiler. «Jahan» döredijilik merkeziniň çagalarynyň şowhunly tanslary, ýol ugrunda guralan intellektual oýunlar has-da täsirli boldy. Bagy-bossanlyga bürenen, dürli oýun meýdançalaryny özünde jemleýän seýilgäh şadyýan aýdym-sazly çykyşlar arkaly bu ýere gelenleriň ruhuny göterdi. Ajaýyp baýramçylyk çärelerine gatnaşýan ähli çagalara süýji doňdurmalar paýlanyldy.

Çagalary goramagyň halkara güni döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary we bähbitleri baradaky esasy düzgünlerine eýerýändiginiň, ýaş nesil barada hemişe alada edýändiginiň aýdyň nyşany hökmünde giňden bellenilýär. Bu sene Türkmenistanyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy, bagtyýar çagalygyň mekany hökmünde at-abraýyny dünýä ýaýýar.

«Aşgabat» medeni-dynç alyş seýilgähinde geçirilen dabaralar Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dürli bäsleşikleriň jeminiň jemlenilmegi bilen tamamlandy. Deň-duşlaryndan has tapawutlanyp, üstün çykan çagalara sowgatlar gowşuryldy. Bu ýerde ähli çagalara, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan körpelere, Döwletliler köşgünde terbiýelenýänlere Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan süýjülik sowgatlar, ter miweler gowşuryldy. Bu pursatlar çagalarda ýatdan çykmajak duýgulary döretdi.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli aýdym-sazly dabara guraldy. Dabara gatnaşýan bagtyýar çagalaryň şatlyk-şowhuny aýdym-sazlaryň owazyny has-da belende göterdi. Ýerine ýetirilen çykyşlarda ýurdumyzda amala aşyrylýan tutumly işler, asuda Watanymyz, bagtyýar çagalyk belentden wasp edildi.

***

Çagalary goramagyň halkara gününiň çäreleriniň körpelere sowgatlaryň gowşurylmagy bilen utgaşdyrylmagy ýatda galyjy pursatlara beslenýär. Bu sene “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda has-da baý mazmuna eýe bolup, onda Milli Liderimiziň belent ynsanperwer ýörelgesi nobatdaky gezek aýdyň ýüze çykdy.

Mälim bolşy ýaly, Gurban baýramynyň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Milli Liderimiz hossarsyz galyp, Aşgabat şäheriniň çagalar öýünde terbiýelenýän gyzjagaza mynasyp at dakmak barada geňeşiň agzalarynyň ýüz tutan teklibini oňlap, mukaddes Gurban aýynyň hormatyna bu çaga Arkadag gyzy Gurbangül diýip at dakmagy maslahat berdi. Asylly maslahatdan ugur alnyp, bu gyzjagaza Çagalary goramagyň halkara gününde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň çözgüdi esasynda Arkadag gyzy Gurbangül diýen adyň dakylandygynyň ýazgysy hem-de ajaýyp baýramçylyk mynasybetli gaznanyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, türkmeniň ýoly sahawat ýoludyr. Ähli gymmatlyklaryň güýji ynsanperwerlik, adamkärçilik kadalarynda jemlenýär. Her bir kämil jemgyýetiň binýady şol kadalaryň esasynda pugtalanýar. Ýagşylyk, haýyr-yhsan, sahawat, delalat — bular ýüreklerde ýagşy täsirleri oýarýan düşünjelerdir. Halky bezeýän, milleti beýgeldýän häsiýetlerdir. Türkmen döwletinde hemaýata mätäç çagalaryň ykbalyna, olaryň ýagty geljegini üpjün etmäge örän jogapkärli çemeleşilýändigi, ýurdumyzda çagalaryň hiç biriniň hossarsyz däldigi, olaryň arkasynda dag ýaly döwletimiziň durandygy, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durandygy şu günki wakalaryň mysalynda ýene-de bir gezek äşgär boldy.

Arkadag gyzy Gurbangül atly bäbejige sowgatlaryň gowşurylyş çäresine gatnaşyjylar çagalaryň döwlet derejesinde üns-alada bilen gurşalyp alynýandygy üçin Milli Liderimize we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de bu bäbejigiň ýaş nesiller baradaky aladalardan ruhlanyp, geljekde Watanymyza wepaly, jemgyýetimize peýdaly adam bolup ýetişmegi ugrunda uly tagalla etjekdiklerine ynandyrdylar. Şeýle hem olar gowşurylan sowgatlar üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna hoşallyk bildirdiler.

Soňra çärä gatnaşyjylar Arkadag şäherine tarap ugradylar. Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglygyny dikeldýän çagalara Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan ýörite sowgatlar gowşuryldy we hoşniýetli arzuwlar aýdyldy.

Dabarada edilen çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň asylly ýolunyň hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilmegi bilen, Watanymyzyň geljegi bolan çagalaryň ýaşaýşyny, durmuş taýdan goraglylygyny, ruhy we beden taýdan sagdyn ösüşini üpjün etmegiň döwlet syýasaty derejesine çykarylandygy bellenildi. Bagtyýar nesiller özleri hakynda edilýän aladalar üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Däp bolşy ýaly, Çagalary goramagyň halkara gününde paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar hem hormatly Prezidentimiziň adyndan we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan iberilen ýörite sowgatlary hoşallyk bilen kabul etdiler. Döwletliler köşgüniň uçurymlaryna Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan döwrebap noutbuklar peşgeş berildi. Bu bolsa ýaşlaryň bilimler dünýäsine has çuňňur aralaşmagyna, geljekde olaryň öz hünäriniň hakyky eýesi bolmagyna ýardam berer. Bu günki ýaşlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň innowasiýalary ösdürmek baradaky başlangyçlaryndan ugur alyp, sanly ulgamyň mümkinçilikleri bilen içgin gyzyklanýarlar.

Dabaranyň çäklerinde ýerine ýetirilen çykyşlar çagalar tarapyndan uly şowhun bilen garşylanyldy. Çäräniň ahyrynda şatlykly pursatlary özünde jemlän dabara gatnaşan ýaş nesiller bagtyýar çagalygy peşgeş beren hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

***

Ajaýyp senä bagyşlanyp, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň öňündäki meýdançada giň gerimli çäreler ýaýbaňlandyryldy. Baýramçylygyň hormatyna guralan çäreler aýdym-sazly, tansly çykyşlary, çeper okaýyşlary, çagalaryň milli oýunlaryň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklaryny, bedenterbiýe-sport görkezme çykyşlaryny, surat çekmeklerini we beýleki çäreleri özünde jemläp, olarda ýaş nesilleriň ajaýyp tebigatymyza, bagtyýar çagalyga, Arkadag şäherine bolan çäksiz söýgüsi, şeýle hem özleri hakynda hemmetaraplaýyn alada edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza belent hormaty aýdyň ýüze çykdy.

Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkindäki ajaýyp çykyşlar egsilmejek joşguna beslendi. Bu ýerde ýerine ýetirilen kompozisiýalar tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Baýramçylyk konsertine meşhur artistler bilen bir hatarda, sungat ýoluna täze gadam basan ýaş zehinler hem gatnaşdylar. Munuň özi milli sungatymyzyň has-da rowaçlanýandygynyň güwäsine öwrüldi. Çykyşlarda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli gutlaglar beýan edildi.

Bu ýerdäki dabaraly çäreleri «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşy jemledi. Bu toparyň ençeme halkara bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edip, baş baýraklara mynasyp bolandygyny, dünýäniň çar künjeginde türkmen tuguny belende göterendigini bellemek ýakymlydyr. Ajaýyp bedewleriň gözelligi, çeýeligi, çapyp barýan atyň üstünde dürli çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirýän artistleriň ussatlygy tomaşaçylarda üýtgeşik täsirleri galdyrdy.

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Arkadag şäheriniň beýleki künjeklerinde-de dürli çäreler, dabaralar geçirildi. Dabaralarda sungat äleminiň ýaş ýyldyzlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary eziz Diýarymyza, mähriban halkymyza, ajaýyp tebigatymyza, milli sungatymyza beýik buýsanjyň aýdyň beýany boldy.

Umuman, şanly sene mynasybetli guralan giň gerimli dabaralar Türkmenistanyň bagtly çagalygyň ýurduna öwrülendigini ýene bir ýola äşgär etdi.