2026-njy ýylyň 4-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rana Abu Hijlehiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň dowamynda diplomatlar Türkmenistanyň Palestina Döwleti bilen özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygynyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga aýratyn üns berdiler. Iki ýurduň medeni mirasyny gorap saklamaga we ilerletmäge gönükdirilen bilelikdäki çäreleri guramak mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.