Ï Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

view-icon 77
Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
camera-icon
Meretdurdy Rozyýew

Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmazyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen wekilçilikli topar gatnaşdy.

Mejlisde iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde dost-doganlyk, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi.

Häzirki wagtda Türkmenistan we Türkiýe söwda-ykdysady, maýa goýum, bank işi, energetika, ulag-logistika, senagat, tehnologiýalar, ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, syýahatçylyk, daşky gurşawy goramak, şäher gurluşygy, oba hojalygy, sport ýaly ulgamlarda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmekde bilelikdäki hökümetara topara möhüm ornuň degişlidigini bellediler. Gurluşyk we gurluşyk serişdeleri senagaty, energetika, ulag, azyk senagaty, oba hojalygy ýaly iki ýurt üçin hem möhüm pudaklar özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Şunda işewürlik, telekeçilik düzümleriniň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklar hem pugtalandyrylýar. Duşuşykda türkmen we türk haryt öndürijileriniň iki ýurduň bazarlarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmak, ugradylýan harytlaryň görnüşlerini artdyrmak meselelerine deglip geçildi.

Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar bu toparyň sekizinji mejlisiniň Teswirnamasy esasynda kabul edilen iş meýilnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdylar.

Ulag-logistika pudagy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugry hökmünde bellenildi. Taraplar Merkezi Aziýa, Ýewropa sebitlerini birleşdirýän netijeli ýük daşamalary üpjün edýän döwrebap ulag düzümini kemala getirmegiň meseleleri barada pikir alyşdylar. Energetika ulgamy-da mejlisde ara alnyp maslahatlaşylan wajyp meseleleriň hatarynda boldy. Mejlise gatnaşyjylar bu ulgamlardaky özara hyzmatdaşlygyň iki ýurduň ykdysadyýetlerini pugtalandyrmak bilen bir hatarda, tutuş Ýewraziýa sebitinde energetika, ulag howpsuzlygyny üpjün etmäge mümkinçilik berjekdigini aýratyn bellediler.

Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň köpasyrlyk gatnaşyklara üýtgewsiz ygrarlydyklaryny beýan edip, toparyň agzalary geljegi uly ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça anyk ädimleri kesgitlediler. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisiniň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.

Iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ikitaraplaýyn duşuşyklarynda geljegi uly türkmen-türk hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçilikleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise gatnaşyjylar geçirilen duşuşyklaryň özara hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça ösdürilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdiler.