Ï Ženewada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň duşuşygy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ženewada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň duşuşygy geçirildi

view-icon 100
Ženewada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň duşuşygy geçirildi
Ženewada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň duşuşygy geçirildi
Ženewada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň duşuşygy geçirildi
Ženewada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň duşuşygy geçirildi
Ženewada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň duşuşygy geçirildi
Ženewada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň duşuşygy geçirildi

Ženewada geçirilen Halkara zähmet maslahatynyň 114-nji sessiýasynyň çäginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli Kärdeşler arkalaşyklarynyň merkezleriniň başlyklarynyň Halkara zähmet guramasynyň Zähmetkeşleriň işi boýunça býurosynyň (ACTRAV) wekilleri bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  

Çärede sebitleýin hyzmatdaşlykda işjeň çykyş edýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň dostlukly gatnaşyklary bolan goňşy ýurtlary Mongoliýanyň we Azerbaýjanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň wekilleri hem gatnaşdy.

Duşuşykda Kärdeşler arkalaşyklarynyň hereketiniň ösdürilmegi, jemgyýetçilik dialogynyň berkidilmegi we sebitiň Kärdeşler arkalaşyklary guramalarynyň arasyndaky özara gatnaşyklary has hem giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gatnaşyjylar şu ýyl üçin meýilleşdirilen çäreler boýunça hem maglumat alyşdylar.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň başlyklarynyň duşuşygy hem-de ylmy-amaly maslahatynyň şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilmegi üns merkezinde boldy. Şeýle çäreleriň 2026–2027-nji ýyllar üçin Zähmetkeşleriň işi boýunça býurosy bilen Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň arasynda şu ýylyň maý aýynda gol çekilen Sebitleýin bilelikdäki çäreleriň meýilnamasynyň ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşyklydygy bellenildi.

Duşuşygyň gatnaşyjylary zähmetkeşleriň bähbitleri ugrunda sebitleýin hyzmatdaşlygy has hem berkitmäge we ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Şeýle hem, 4-nji iýunda Halkara zähmet maslahatynyň 114-nji sessiýasynyň çäginde Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy Oguljennet Berdiliýewa bilen Gazagystan Respublikasynyň Kärdeşler Arkalaşyklary Federasiýasynyň başlygy Satybaldy Dauletalynyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň Kärdeşler arkalaşyklary guramalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerini, zähmetkeşleriň bähbitleriniň goralmagy meselelerini, jemgyýetçilik hyzmatdaşlygyny berkitmegi we milli Kärdeşler arkalaşyklary merkezleriniň arasyndaky özara gatnaşygy giňeltmegi ara alyp maslahatlaşdylar.

Gazagystan Respublikasynyň Kärdeşler Arkalaşyklary Federasiýasynyň başlygy O.Berdiliýewany ikitaraplaýyn duşuşyk geçirmek hem-de Türkmenistanyň we Gazagystanyň milli Kärdeşler arkalaşyklary merkezleriniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek maksady bilen Gazagystana sapar bilen gelmäge çagyrdy. Şeýle hem türkmen tarapyna Almaty şäherinde geçiriljek sebitleýin Kärdeşler Arkalaşyklary maslahatyna gatnaşmak üçin çakylyk gowşuryldy.

Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar iki ýurduň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmäge we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.