Ï Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady

view-icon 79

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şwesiýanyň Patyşasy Karl XVI Gustawa Şwesiýanyň Milli güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Karl XVI Gustawa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Şwesiýa Patyşalygynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdi.