Ï Ekologiýa we howanyň üýtgemegine degişli meseleler boýunça halkara forum geçirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ekologiýa we howanyň üýtgemegine degişli meseleler boýunça halkara forum geçirilýär

view-icon 112
Ekologiýa we howanyň üýtgemegine degişli meseleler boýunça halkara forum geçirilýär

4-nji iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna hem-de Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanan «Durnukly ösüş maksatlarynyň ileri tutulýan ugurlary: ekologiýa we howanyň üýtgemegi baradaky meseleler» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň açylyş dabarasy we umumy mejlisi geçirildi.

Halkara foruma daşary ýurtlaryň, şol sanda Russiýanyň, Belarusyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Moldowanyň, Ukrainanyň, Gruziýanyň, ABŞ-nyň, Hytaýyň, Eýranyň, Türkiýäniň, Koreýanyň, Germaniýanyň, Beýik Britaniýanyň, Italiýanyň, Rumyniýanyň, Daniýanyň, Yragyň, Hindistanyň, Pakistanyň we Mongoliýanyň ýokary okuw mekdepleriniň 60-syndan hem-de ylmy-barlag institutlaryň 25-sinden 130 professor, mugallymlar, alymlar, ylmy işgärler, aspirantlar, magistrantlar, doktorantlar gatnaşýarlar.

Forumda Türkmenistana ýokary okuw mekdepleriň we ylmy-barlag institutlaryň 26-syndan 217 adam wekilçilik edýär.

Halkara maslahat onlaýn görnüşde türkmen, rus we iňlis dillerinde geçirilýär.

Çäräniň dowamynda daşary ýurtlaryň we türkmen hünärmenleriniň çykyşlarynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmagyň işjeň tarapdary bolmak bilen sebit we ählumumy derejede ekologiýa durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen döwlet ekologiýa syýasatyny maksadalaýyk hem-de netijeli alyp barýandygy bellenildi.

Halkara ekologiýa hyzmatdaşlygynyň çäklerinde daşky gurşawy goramak babatda sebitleýin we ählumumy konwensiýalaryna işjeň gatnaşyjy hökmünde Türkmenistanyň öz üstüne alan borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirýändigi, şol borçnamalaryň suw we ýer serişdelerini goramaga, oýlanyşykly peýdalanmaga, bioköpdürlüligi artdyrmaga, howanyň üýtgeýän häzirkizaman şertlerinde ýaşlaryň ekologiýa bilimini we medeniýetini ýokarlandyrmaga gönükdirilendigi nygtaldy.

Türkmenistanyň öňe süren sebitleýin başlangyçlarynyň biri «Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda» Kararnama bolup, ol Aral ýakasyndaky ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýlary gowulandyrmaga hem-de Aral deňziniň meseleleriniň sebite ýaramaz täsirleriniň öňüni almak boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.

Ekologiýa howpsuzlygyny gazanmak maksady bilen Türkmenistanda tebigaty goramak ulgamyna degişli kanunçylygyň hemişe döwrebaplaşdyrylýandygy, ony ekologiýa we gurşawy goramak ulgamyndaky halkara konwensiýalarynyň we ylalaşyklarynyň ekologiýa kadalaryna laýyk getirmek boýunça işleriň alnyp barylýandygy bellenildi.

Çykyş edenler, ýurdumyzda ilkinji gezek kabul edilen Kanunlaryň hatarynda «Radiasiýa howpsuzlygy hakynda», «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Himiýa howpsuzlygy hakynda», «Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda», «Galyndylar hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy çäkler hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak hakynda», «Ekologiýa auditi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny atlandyrdylar.

Şu gün, 5-nji iýunda halkara maslahat öz işini ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde häzirkizaman biliminiň we ylmynyň gazananlarynyň orny, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyň suw serişdelerini goramagyň häzirkizaman meseleleri, tebigy serişdeleri oýlanyşykly peýdalanmagyň innowasion usullary, bioköpdürlüligi öwrenmegiň häzirkizaman usullary we olaryň amaly ähmiýeti diýen bölümçe mejlisleriniň dördüsinde dowam etdi.

Forum howanyň üýtgemegi we antropogen täsirler bilen bagly häzirkizaman ekologiýa meselelerini, ekologiýa bilimine bolan çemeleşmeleri çuňňur seljermek, täze okuw meýilnamalary we okuwlary döretmek, okatmak üçin interaktiw gurallary platformalary işläp taýýarlamak, şeýle hem ekologiýa barlaglary we bilim ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen geçirilýär.

Maslahatyň netijeleri boýunça çykyşlaryň elektron ýygyndysyny çap etmek meýilleşdirilýär.