Ï Aşgabatda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkini hormat bilen ýatladylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkini hormat bilen ýatladylar

view-icon 87
Aşgabatda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkini hormat bilen ýatladylar

Beýik rus şahyrynyň doglan güni we däp boýunça 6-njy iýunda bellenýän Halkara rus dili güni mynasybetli Türkmenistanyň paýtagtynda Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ýadygärligine gül goýmak dabarasy bolup geçdi.

Çärä Türkmenistanda işlemäge hukukly diplomatik edaralaryň wekilleri, medeniýet işgärleri, aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary, mekdep mugallymlary we okuwçylary gatnaşdylar.

Çärä gelenlere Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň geňeşçi wekili Aleksandr Wasilýew gutlag sözi bilen ýüzlendi. Onuň çykyşynda şahyryň terjimehalyndaky kän bir mälim bolmadyk, ýöne möhüm bir bap – onuň daşary işler ministrliginde döwlet gullugynda bolandygy nygtaldy.

– Puşkiniň bize ýat däldigini we onuň belli bir derejede diplomatdygyny ynam bilen aýdyp bileris. Ol öz döredijiliginde örän köpugurly bolupdy, şonuň üçin-de her birimiz durmuşymyzyň islendik pursatynda ondan özümize degişli bir zatlar tapýarys – diýip, rus diplomaty belledi.

Bu babatda A.Wasilýew Türkmenistanda her bir adama düşnükli we ýakyn bolan çuňňur taryhy-medeni ugurdaşlyga ýüzlendi.

– Dostlukly türkmen halkyna bu pikir gaty gowy düşnükli, bularyň öz Puşkini bar – bu türkmen medeniýetiniň ösüşine gymmatly goşant goşan we edebi türkmen diliniň binýadyny goýan adam Magtymguly Pyragydyr – diýip, A.Wasilýew aýtdy.

Baýramçylyk maksatnamasy A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän bilelikdäki rus-türkmen orta mekdebiniň okuwçylary tarapyndan taýýarlanan joşgunly sazly-edebi çykyş bilen dowam etdi. Okuwçylar şahyryň ölmez-ýitmez goşgularyny okadylar, nusgawy rus romansyny ýerine ýetirdiler we ajaýyp wals tansyny görkezdiler.

Soňra çärä gatnaşýanlar döredijiligi asyrlaryň dowamynda halklaryň arasynda dostlugyň we özara düşünişmegiň berk köprüsi bolup gelýän şahyryň ýadygärligine gül desselerini goýdular.