Ï «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny» atly halkara bäsleşigiň ýeňijileri sylaglandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny» atly halkara bäsleşigiň ýeňijileri sylaglandy

view-icon 162
«Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny» atly halkara bäsleşigiň ýeňijileri sylaglandy

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny» halkara ylmy-taslama işleriniň bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bäsleşik Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlandy.

Şu ýylyň maý aýynda badalga berlen bäsleşige Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Belarusyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Hytaýyň, Türkiýäniň, Eýranyň, Pakistanyň, Bangladeşiň, Malaýziýanyň we Rumyniýanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň 150-ä golaý ylmy işleri hödürlendi.

1 – 5-nji iýun aralygynda geçirilen ikinji, jemleýji tapgyra bilermenleriň toparynyň çözgüdi bilen geljegi has uly ylmy-taslamalaryň 45-si gatnaşdy.

Ylmy işlere olaryň wajyplygy, täzeçilligi we ylmylygy, beýan etmekde yzygiderliligi, takyklygy we düşnükliligi, amala aşyrmagyň mümkinçiligi we bahasy, taýýarlygyň hili we tamamlaýjylyk ugurlary boýunça baha berildi.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça ylmy-barlag taslamalarynyň 28-siniň awtorlary ýeňijiler diýip yglan edildi, şol işleriň 20-si türkmen we 8-si daşary ýurt talyplary tarapyndan taýýarlanyldy. Iň gowy taslamalaryň 5-siniň awtorlary birinji orna mynasyp boldular. Talyplaryň taslamalarynyň 9-sy ikinji, işleriň 14-si bolsa üçünji orun aldylar. Awtorlaryň ýene-de 14-si ýörite höweslendiriji baýraklar bilen sylaglandy.

Bäsleşigiň ýeňijilerine S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň I, II we III derejeli diplomlary hem-de sowgatlary gowşuryldy.

Sylaglanyş dabarasynda uniwersitetiň medeniýet merkezinde ýörite sergi guralyp, ol bioköpdürlüligi we daşky gurşawy goramak boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan işleri beýan etdi. Çäre ýokary okuw mekdebiň höwesjeňler çeper döredijilik toparynyň taýýarlan baýramçylyk konserti bilen dowam etdi.

Ýurdumyzyň Bilim, Oba hojalyk we Daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň goldamagynda ýokary okuw mekdep tarapyndan dördülenji ýyl yzygiderli geçirilýän halkara bäsleşik halkara ylym-bilim hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny höweslendirmäge, DÖM-i durmuşa geçirmek babatda ýaş alymlaryň eýeleýän ornuna we alyp barýan işlerine baha bermäge gönükdirilendir.

Bäsleşigiň geçirilmegi zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga we goldamaga, ýaş alymlaryň arasynda öňdebaryjy ylmy tejribeleri alyşmaga, azyk howpsuzlygy, daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri durnukly ulanmak babatda talyplaryň bilimlerini çuňlaşdyrmaga hem-de ýaşlaryň arasynda ekologiýa medeniýetini kemala getirmäge ýardam berýär.