Ï S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetine «Read Japan» taslamasynyň çäklerinde kitaplar sowgat berildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetine «Read Japan» taslamasynyň çäklerinde kitaplar sowgat berildi

view-icon 157
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetine «Read Japan» taslamasynyň çäklerinde kitaplar sowgat berildi

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetine «Read Japan» taslamasynyň çäklerinde «The Nippon Foundation» ýapon gaznasynyň kitaplaryny sowgat bermek dabarasy geçirildi.

Çärä Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hirosi Sasaki hem-de ilçihananyň wekilleri gatnaşdylar.

Sowgat berlen kitaplaryň hatarynda ýapon ylmyna, daşky gurşawy goramaga, durnukly ösüş maksatlaryna, arassa energetika we «ýaşyl» tehnologiýalara bagyşlanylan gymmatly okuw, ylmy-nazaryýet hem-de çeper edebiýatlar bar. Şeýle hem täze neşirler bilen birlikde ýapon medeniýeti, sungaty, dili we edebiýaty baradaky kitaplar hem-de sözlükler berildi.

Çäräniň dowamynda hormatly myhmanlar S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň düzümi, okuw maksatnamalary we ylmy-döredijilik işleri bilen giňişleýin tanyşdyryldy. Dostlukly Ýaponiýanyň wekilleri özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de geljekde türkmen ýokary okuw mekdebi bilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Ýapon myhmanlaryň uniwersitetiň ýolbaşçylary hem-de professor-mugallymlar düzümi bilen duşuşygynda ylym we bilim ulgamynda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli hem-de üstünlikli ösdürilýändigi aýratyn bellenildi.

Taraplaryň nygtaýyşlary ýaly «Read Japan» taslamasynyň çäklerinde türkmen ýokary okuw mekdeplerine kitaplary sowgat bermek baradaky däp boýunça çäreler iki dostlukly ýurduň arasynda ynsanperwer we bilim-medeni hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup hyzmat edýär.