2026-njy ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Beata Peksanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen özara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň geljekki ugurlaryny kesgitlediler.