Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlary Russiýa Federasiýasynyň ylym we bilim edaralary tarapyndan guralan abraýly halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etdiler.
Institutyň agrohimiýa we topragy öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy Ýangiljon Palýazowa Moskwa politehniki uniwersiteti tarapyndan guralan «Ylym fotosuratlarda» V ýubileý halkara fotobäsleşigine gatnaşyp, ajaýyp netije görkezdi.
Türkmen ýokary okuw mekdebiniň mugallymy «Adamlar ylymda» (alymlar we barlagçylar iş wagtynda) atly gyzykly bäsleşikde öz işini beýan edip, ýokary ussatlyk hem-de döredijilik çemeleşmesini görkezdi.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça türkmen mugallymynyň fotoişi halkara eminleriň ýokary bahasyna mynasyp bolup, olaryň çözgüdi boýunça Ýangiljon Palýazowa hormatly I orna mynasyp boldy we ýeňijiniň diplomy bilen sylaglandy.
Beýleki halkara bäsleşiginde Türkmen oba hojalyk institutynyň wekilleriniň ýene-de ikisi – ösümlikleri öwreniş kafedrasynyň öwreniji mugallymy Esen Amangulyýew hem-de kompýuter tehnologiýalary kafedrasynyň öwreniji mugallymy Wazira Ermetowa ajaýyp netijeleri gazandylar. Ýokary okuw mekdebiň ýaş mugallymlary Moskwada «ALGORITM» ylym-bilim merkezi tarapyndan guralan «Ylym – 2026-da üstünlik» atly ylmy-barlag işleriniň halkara bäsleşiginde öz işleri bilen tapawutlandylar.
Ýaş türkmen alymlary ylmy bäsleşigiň ýokary bäsleşikli şertlerinde mynasyp çykyş edip, «Oba hojalyk ylymlary» we «Ykdysady ylymlar» ugurlary boýunça «Iň gowy tezis» tapgyrynda birinji orny ynamly eýelediler.
Mugallymlaryň halkara üstünlikleriniň hormatyna Türkmen oba hojalyk institutynda dabaraly çäre geçirildi. Ýokary okuw mekdebiň ýolbaşçy hem-de professor mugallymlary düzüminiň wekilleri kärdeşlerini mynasyp bolan ýeňişleri bilen mähirli we tüýs ýürekden gutladylar hem-de olara ylmy-barlag, mugallymçylyk we döredijilik işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdiler.
Bellenilişi ýaly, mugallymlaryň halkara gözden geçirilişlerinde gazanan ýeňişleri türkmen hünärmenleriniň ýokary hünär ussatlygyny, olaryň zähmetsöýerligini, ylmy we döredijilik mümkinçiligini, şeýle hem täze belentliklere ýetmek hem-de Watanymyzyň dünýä derejesindäki abraýyny artdyrmak ugrunda hemişe taýýardyklaryny we ymtylmalaryny nobatdaky gezek tassyklady.