Ï Ylmyň ösüşi – döwletiň we jemgyýetiň galkynyşy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ylmyň ösüşi – döwletiň we jemgyýetiň galkynyşy

view-icon 187

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda ylymlaryň doktory we ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesini alan alymlara diplomlary gowşurmak dabarasy boldy. Bu çäre milletiň intellektual kuwwatyny ösdürmäge gönükdirilen döwlet strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Dabaranyň dowamynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzda halkara ylmy-amaly maslahatlaryň, sergileriň we bäsleşikleriň ýokary derejede geçirilýändigini aýratyn nygtadylar. Şeýle ädimler milli ylmyň dünýä giňişligine giňden ornaşmagyna, şeýle hem Bitarap Türkmenistanyň iri ylmy-barlag merkezi hökmünde eýeleýän ornunyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär.

Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan giň gerimli halkara işi hem aýratyn bellenildi. Ylym-bilimiň mümkinçiliklerini parahatçylygyň we dostlugyň bähbidine gönükdirýän Türkmenistanyň Prezidenti dünýäniň iri ylmy merkezleri, halkara guramalar, Ýewropa we Amerika ýurtlarynyň bilim hem-de innowasion tehnologiýalar institutlary, şeýle hem Ýakyn, Orta we Uzak Gündogar döwletleriniň hem-de Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň öňdebaryjy edaralary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda uly tagallalary edýär.

Dabaranyň esasy wakasy hökmünde Türkmenistanyň Prezidenti, syýasy ylymlarynyň doktory Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa ykdysady we syýasy hünärleri boýunça professor alymlyk adynyň berilmegi hem-de onuň ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademikligine saýlanmagy baradaky çözgütleriň yglan edilmegi boldy. Bu habar dabara gatnaşyjylarynyň arasynda uly ruhubelentlik döretdi.

Türkmenistanyň ylmy intelligensiýasynyň adyndan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza Ylymlar güni hem-de döwlet Baştutanymyza iň ýokary akademik atlarynyň berilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglar beýan edildi. Gatnaşyjylar mundan beýläk hem ähli bilimlerini we tejribelerini Watanymyzyň gülläp ösmegine bagyşlamaga taýýardyklaryny mälim etdiler.