8 – 14-nji iýun aralygynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň hünärmenleri Ýewropa Bileleşigi hem-de Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti (GIZ) tarapyndan amala aşyrylýan «Green Central Asia» sebitleýin başlangyjynyň hem-de «Ýewropa Bileleşigi (ÝB) Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin: 2024 – 2029-njy ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegi boýunça hereketler» taslamasynyň çäklerinde halkara maksatnamasyna gatnaşmak üçin Özbegistanda bolýarlar.
Saparyň esasy maksady sebitiň suw, energetika we ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmek, önümçilige energiýanyň alternatiw çeşmelerini we innowasion bioulgamlary ornaşdyrmak boýunça halkara tejribesini öwrenmekden ybaratdyr.
Nukus şäherine saparynyň dowamynda türkmen wekiliýeti irrigasiýa suw meseleleri ylmy-barlag institutynyň Garagalpakystan şahamçasynyň, şeýle hem «Ýaş alymlaryň akademiýasynyň» hünärmenleri bilen duşuşdy. Duşuşygyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar ýerasty suwlary tebigy usulda arassalamak, durnukly suwarmaga niýetlenilen hem-de Gün panelleri arkaly energiýa bilen üpjün edilýän suw göteriji stansiýalar üçin innowasion ekologik ulgamlary, bioplatformalary netijeli ulanmagyň usullaryny öwrendiler. Şeýle hem olar Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynyň binasynda bioenergetika we biotehnologiýalar üçin çig malyň geljegi uly görnüşleriniň biri bolan hlorella ownuk suwotularyny ösdürip ýetişdirmek boýunça önümçiligiň şertleri hem-de barlaghana işleri bilen giňişleýin tanyşdylar.
Saparyň maksatnamasyna türkmen wekilleriniň Aralýaka Halkara innowasion merkeziniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary, işjeň ösdürilýän bagçylyk boýunça synag meýdançalaryna barlyp görülmegi hem-de Daşkentde ylmy okuw maslahatlara gatnaşmak girizildi. Okuw maslahatlarynyň çäklerinde topragyň şorlaşmagyny azaltmak, suw tygşytlaýjy tehnologiýalar, topragyň elektrik geçirijiligine tiz baha bermek ulgamlarynda meseleleri öwrenmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem Syrderýa oblastyndaky «Master fruit» fermer hojalygyna baryp görmek göz öňünde tutulup, ol ýerde türkmen wekiliýeti ýeriň bir bölegini oba hojalyk işlerini alyp barmak hem-de Gün energiýasyny utgaşdyrmak üçin bir wagtda ulanmaga mümkinçilik berýän döwrebap agrofotoelektrik ulgamlaryň iş ýüzünde peýdalanylyşy bilen giňişleýin tanşarlar.
Türkmenistanyň wekilleriniň bu halkara maksatnamasyna gatnaşmagy alternatiw energetikany, «ýaşyl» ykdysadyýeti we ýurtda ylmy-innowasion tehnologiýalary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işlere uly goşant goşar. Mundan başga-da, bu sapar sebitleýin ylmy hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmekde nobatdaky möhüm ädim bolar.