Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy we ÝUNISEF tarapyndan çagalaryň durmuşynyň ilkinji alty aýynda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirilmegini üpjün etmekde eneleri goldamagy güýçlendirmäge gönükdirilen milli kampaniýa badalga berildi.
Bu başlangyjyň çäklerinde taýýarlanan wideoşekilleriň tapgyry milli telewideniýede yzygiderli görkezilýär we jemgyýetçilik torlarynda ýerleşdirilýär. Ilkinji netijeler tomaşaçylaryň bu wideoşekillere uly gyzyklanma bildirýändigini görkezýär. Taslama ýaş maşgalalara we emdirýän enelere gönükdirilendigi sebäpli, wideoşekiller eýýäm köp sanly tomaşaçyny toplady, olaryň esasy ýörelgeleri bolsa internet giňişligindäki ýaş ene-atalaryň jemgyýetçiliginde giň seslenme döretdi.
Wideoşekilleri taýýarlamaga degişli ugurlar boýunça lukmançylyk hünärmenleri we ýaş eneler gatnaşdylar. Wideoşekilleriň maksatnamasy çaganyň saglygyny goramagyň tutuş tapgyryny öz içine alýar. Keselleriň öňüni alyş işleri entek göwrelilik döwründen başlanýar: maşgala lukmanlary we ginekologlar geljekki enelere laktasiýa (ene süýdüniň emele gelmegine) taýýarlanmak boýunça amaly maslahatlary berýärler.
Hünärmenler materiallarda iň möhüm düzgüne – çaganyň durmuşynyň ilkinji alty aýynda emeli garyndylary bermäge howlukmazlygyň zerurdygyna aýratyn ünsi çekýärler. Ene süýdi tebigatyň özi tarapyndan döredilen kämil we howpsuz iýmitdir. Ol çagany ösüş üçin zerur bolan energiýa, witaminler we minerallar bilen doly üpjün edýär.
– Ene süýdi çaga üçin iň kämil iýmit, sagdynlygyň we ene mähriniň gözbaşydyr. Ol doly bahaly iýmitlenmegi üpjün edýär, immuniteti berkidýär, sagdyn ösmäge we ösüşe ýardam edýär, şeýle hem köp sanly kesellerden goraýar. Ene süýdi bilen iýmitlendirmek diňe bir çagalara däl, eýsem, enelere we maşgalalara hem uly bähbit getirýär – diýip, Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýüzlenmesinde bellenilýär.
Mundan başga-da, kampaniýanyň çäklerinde maglumat-magaryf çärelerini geçirmek, saglygy goraýyş işgärlerini we ene süýdi bilen iýmitlendirmek boýunça jemgyýetçilik geňeşçilerini okatmak, maşgalalary bu işe çekmek boýunça başlangyçlary amala aşyrmak, şeýle-de kanunçylyk we iş berijileriň syýasaty arkaly ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goramak çärelerini güýçlendirmek göz önünde tutulýar.
Köp görkezijili klaster barlagynyň (MICS) iň soňky netijeleri ýurdumyzda çagany doglan badyna ene süýdi bilen iýmitlendirip başlamagyň ýokary derejededigini görkezýär. Şeýle-de bolsa, diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmek tejribesini dowam etdirmekde käbir kynçylyklar ýüze çykýar. Täze doglan çagalaryň agramly bölegi dünýä ineninden soňky ilkinji sagatda ene süýdüni alýarlar. Emma durmuşynyň ilkinji alty aýynda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirilýän çagalaryň paýy durnukly bolman, soňky ýyllarda birmeňzeş peselme meýline eýe boldy.
– Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak bu umumy jogapkärçilikdir. Eneler diňe bir saglygy goraýyş işgärleriniň däl, eýsem, atalaryň, mamalaryň we babalaryň, ýerli jemgyýetçilikleriň hem-de iş berijileriň goldawyna mätäçdirler. Öýde, saglygy goraýyş edaralarynda we iş ýerlerinde ene süýdi bilen iýmitlendirmek üçin amatly şertleri döretmek arkaly, biz has köp zenanlara bu tejribäni dowam etdirmäge kömek edip bileris we çagalaryň has uly böleginiň durmuşa iň sagdyn gadam basmagyny üpjün edip bileris – diýip, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna belledi.
2026-njy ýylyň maý – awgust aýlary aralygynda dowam etjek kampaniýa ene süýdi bilen iýmitlendirmek baradaky ygtybarly maglumatlaryň elýeterliligini giňeltmäge, eneler üçin maslahat beriş goldawyny ösdürmäge, maşgalalary we ýerli jemgyýetçilikleri utgaşdyrmaga, şeýle hem ene süýdi bilen iýmitlendirmek üçin amatly syýasaty we zähmet şertlerini öňe sürmäge gönükdirilendir.
Kampaniýanyň hyzmatdaşlarynyň hatarynda ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegi edaralary, Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi, milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, sosial torlaryndaky jemgyýetçilik pikiri kemala getirijiler, hususy pudagyň iş berijileri we ösüş boýunça hyzmatdaşlar bar.
Şeýle başlangyçlar ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Olar ýaş ene-atalara ygtybarly lukmançylyk maglumatlaryny öz wagtynda almaga kömek edýär, sagdyn eneligiň medeniýetini kemala getirýär we geljekki nesilleriň saglygy üçin berk binýat goýýar.