Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde 2026 – 2027-nji okuw ýyly üçin ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça bilim berýän Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynda ýerleşýän ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmek üçin resminamalar kabul edilip başlandy.
Okuwa girmek üçin binýatlyk bilimi umumy orta bilimden pes bolmadyk, 18 ýaşy dolýan we 25 ýaşdan uly bolmadyk hem-de iňlis dilini bilýän Türkmenistanyň raýatlarynyň resminamalary kabul edilýär.
Hünärleriň sanawyny, Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynda ýerleşýän ýokary okuw mekdepleriniň ýokary hünär bilim meýilnamasyndaky ýer sanyny, şeýle-de dalaşgärleri okatmak şertleri baradaky maglumatlary resminamalary kabul ediş toparyndan alyp bolar.
Gerekli resminamalaryň sanawy bilen dalaşgärler Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda tanşyp bilerler.
Resminamalaryň terjimesi iňlis dilinde ýetirilmeli. Zerur bolan ýagdaýda kabul ediş toparynyň dalaşgär barada goşmaça maglumatlary soramaga hukugy bar. SAT (Seholastie Aptitude Test), TOEFL (Test of English as a Foreign Language), IELTS (International English Language Testing System) we HSK (Chinese Profieieney Test) akademiki bahalandyryş synaglarynyň birinden üstünlikli geçendigini tassyklaýan şahadatnamasy bolan dalaşgärler artykmaçlykdan peýdalanýarlar. Resminamalar 21-nji iýuna çenli kabul edilýär.
Kabul edilen resminamalaryň netijeleri boýunça ýokary görkezijilere eýe bolan dalaşgärler bilen 2026-njy ýylyň 23-nji iýunynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde seçip alyş işi boýunça söhbetdeşlik geçiriler. Söhbetdeşlik umumy bilim berýän dersler boýunça geçiriler.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat şäheri, 1958 köçesiniň (Andalyp) 169-njy jaýy. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 39-85-62, 39-85-25; elektron poçtasy: admissioniuhd@gmail.com.