Ï Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde uçurymlara diplomlaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde uçurymlara diplomlaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi

view-icon 69
Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde uçurymlara diplomlaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde 2026-njy ýylyň uçurymlaryna diplom gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Baýramçylyk çäresine uniwersitetiň ýolbaşçy, professor-mugallymlar düzüminiň wekilleri hem-de talyplary gatnaşdylar.

Wakanyň esasy gatnaşyjylary bolsa, elbetde, uçurymlaryň özleri boldular. Olar üçin bu gün aýratyn şatlykly, möhüm we özbaşdak durmuşa, täze başlangyçlara hem-de geljekde hünär taýdan ösmäge ýol açýan jogapkärli gün boldy.

Ýokary okuw mekdepde bakalawr we magistratura maksatnamalary boýunça okuwlaryny tamamlan uçurymlara diplomlaryň gowşurylyş dabarasynda uniwersitetiň ýolbaşçylarynyň wekillerinden, mugallymlaryndan we halypalaryndan ak ýol hem-de tüýs ýürekden hoşniýetli arzuwlar beýan edildi.

Zehinli uçurymlaryň gutardyş döwlet synaglarynyň netijeleri boýunça bilimleriniň we hünär taýýarlyklarynyň ýokary derejesini görkezendikleri nygtaldy. Okuwlarynyň dowamynda häzirki uçurymlar nusgalyk ýetişik görkezdiler, döwlet we halkara ders, ylmy-taslama hem-de döredijilik bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelediler.

Uçurymlaryň bu üstünlikleriniň ýokary okuw mekdepde ýokary bilimiň ýokary hil görkezijisi bolup durýandygy, şeýle hem ýaşlaryň bilimlere, ylymlara we özleriniň geljekki hünärlerine örän uly gyzyklanmalarynyň bardygyna şaýatlyk edýändigi buýsanç bilen bellenildi.

Çykyşlarda inžener-tehniki hünärler boýunça bilim alan ýaş hünärmenleriň döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, ýurdumyzyň innowasion taýdan has-da ösmegine we rowaçlanmagyna, onuň halkara derejesinde abraýynyň pugtalanmagyna mynasyp goşant goşjakdyklaryna tüýs ýürekden ynam beýan edildi.

Çäräniň çäklerinde uçurymlaryň hormatyna uniwersitetiň «Oguzlar» döredijilik toparynyň taýýarlan baýramçylyk konserti boldy.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegine döredilýän giň mümkinçilikler, ýaş nesiller baradaky atalyk aladasy, milli bilim ulgamyny depginli ösdürmäge we kämilleşdirmäge aýratyn üns berýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.