Ï Türkmenistanda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça bäş ýyllyk Milli maksatnama tassyklanyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça bäş ýyllyk Milli maksatnama tassyklanyldy

view-icon 128
Türkmenistanda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça bäş ýyllyk Milli maksatnama tassyklanyldy

Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça «Sagdyn ene – sagdyn çaga – sagdyn geljek» atly 2026–2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamanyň» hem-de bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekdi.

Maksatnamanyň işlenip taýýarlanylyşy we milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow hasabat berdi.

Täze strategiýanyň esasy maksady eneleriň we çagalaryň arasynda keselleriň öňüni almakdan, olaryň saglyk ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmakdan ybaratdyr. Maksatnama lukmançylyk infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmaga, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde degişli lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Resminama sagdyn jemgyýeti kemala getirmek hem-de maşgala institutynyň ygtybarly durmuş goragyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasatynyň çäklerinde taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow enäniň we çaganyň saglygyny goramagyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz tassyklanan çäreler meýilnamasynyň ähli ugurlarynyň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmek boýunça wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.