Ï Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebiniň talyby halkara bäsleşikde ýeňiji boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebiniň talyby halkara bäsleşikde ýeňiji boldy

view-icon 95
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebiniň talyby halkara bäsleşikde ýeňiji boldy
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebiniň talyby halkara bäsleşikde ýeňiji boldy
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebiniň talyby halkara bäsleşikde ýeňiji boldy
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebiniň talyby halkara bäsleşikde ýeňiji boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen «GDA döwletleriniň iň gowy talyby» atly ýaşlaryň halkara bäsleşiginde ýeňiji boldy.

Bäsleşigiň guramaçylary hökmünde «Parasat» Gazagystan milli bilim we innowasiýalar merkezi «Жаңа Казахстан» Respublikan innowasion merkezi bilen bilelikde çykyş etdiler. Giň gerimli ylmy-döredijilik taslamasy Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň ýüzlerçe zehinli talyplaryny birleşdirdi.

Ýiti bäsdeşlik şertlerinde geçirilen ýaryşda ýurdumyzyň talyby halkara akademik giňişliginde Türkmenistanyň abraýyny artdyrdy. Emin agzalaryň pikiri boýunça ýurdumyzyň talyby ylym-bilimini, başarnyklaryny, maksada okgunlylygyny we döredijilik işjeňligini görkezdi. Mundan başga-da Kadyrberdiniň GDA döwletleriniň ýaşlar syýasatyna goşant goşmagy aýratyn bellenip geçildi.

Emin agzalarynyň karary boýunça Kadyrberdi Artykow bäsleşigiň ýokary derejeli baýragy bolan I derejeli diploma eýe boldy. Şeýle-de ol «GDA döwletleriniň iň gowy talyby» diýen döşe dakylýan nyşan we ýörite şahadatnama bilen sylaglandy.

Bu halkara derejedäki üstünlige Türkmenistanyň institutynyň ýaş hünärmeni we tejribeli halypa mugallymlarynyň bilelikdäki irginsiz çeken zähmeti esasynda ýetildi.

«Жаңа Казахстан» Respublikan innowasion merkeziniň müdiri, bäsleşigiň guramaçy komitetiniň ýolbaşçysy B.N.Salimgereýew Kadyrberdi Artykowyň ylmy ýolbaşçysyna ýurdumyzyň bilim we ylym ulgamyna goşandy, halypalygy we irginsiz zähmeti üçin aýratyn hoşallyk bildirdi. Bu sözler ýene bir gezek halkara akademik jemgyýetiniň türkmen mugallymçylyk we ylmy mekdebine goýýan hormatyny tassyklady.

Bu abraýly bäsleşik GDA döwletleriniň zehinli talyplaryny ýüze çykarmak we sylaglamak, olara goldaw bermek, olaryň arasynda tejribe paýlaşmak, olaryň ylymda, döredijilikde we jemgyýetçilik durmuşynda ösmegi üçin höwes döretmek maksady bilen ýylda geçirilýän täsirli ýaryş meýdanyna öwrüldi.

Türkmenistan döwletimiziň talybynyň bu bäsleşikde ýeňiji bolmagy ýurdumyzyň professional taýýarlygyna, giň dünýägaraýyşyna, döredijilik başarnyklaryna we bäsleşige ukyplylygyna şaýatlyk edýän ýeňişleriň biri boldy.