Ï Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada geçirilen OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada geçirilen OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

view-icon 57

2026-njy ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada geçirilýän OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

«Ertirki günümiziň mümkinçiliklerini giňeldýän geçiş» şygary astynda geçirilýän bu forum dünýäniň dürli künjeklerinden hökümetleriň, ösüş institutlarynyň wekillerini hem-de işewürlik ulgamynyň ýolbaşçylaryny bir ýere jemleýär. 2026-njy ýyldaky forumyň geçirilmegi OPEK Halkara ösüş gaznasynyň döredilmeginiň 50 ýyllygyna gabat gelýär.

Wena saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti OPEK Halkara ösüş gaznasynyň Prezidenti doktor Abdulhamid Alhalifa, Abu-Dabi Ösüş gaznasynyň Baş direktory Mohammed Saif Al Suwaidi hem-de Türk Maýa goýum gaznasynyň Prezidenti Bagdad Amreýew bilen duşuşyklary geçirdi.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň bu foruma gatnaşmagy ýurduň halkara maliýe edaralary we ösüş institutlary bilen dowam edýän hyzmatdaşlygynyň beýany bolup durýar.