Ï Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

view-icon 102
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Ilçi ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýar.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar özara gatnaşyklaryň häzirki meselelerini we türkmen-german gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem berkitmegiň mümkinçiliklerine garaldy.

Iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gurallarynyň, şol sanda yzygiderli geňeşmeleriň we degişli iş toparlarynyň işiniň, şeýle hem halkara guramalaryň çägindäki hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda R.Meredow Germaniýanyň Ilçisine ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de onuň geljekki işinde üstünlik arzuw etdi.

Öz gezeginde Ilçi türkmen tarapyna özüniň işlän döwründe görkezilen goldaw we netijeli hyzmatdaşlyk üçin minnetdarlyk bildirdi.