Ï Türkmenistanyň Ilçisi Hubeý welaýatynda geçirilen çärelere gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ilçisi Hubeý welaýatynda geçirilen çärelere gatnaşdy

view-icon 117
Türkmenistanyň Ilçisi Hubeý welaýatynda geçirilen çärelere gatnaşdy
Türkmenistanyň Ilçisi Hubeý welaýatynda geçirilen çärelere gatnaşdy
Türkmenistanyň Ilçisi Hubeý welaýatynda geçirilen çärelere gatnaşdy
Türkmenistanyň Ilçisi Hubeý welaýatynda geçirilen çärelere gatnaşdy

2026-njy ýylyň 24-nji iýunynda Hytaý Halk Respublikasynyň Uhan şäherinde Hubeý welaýat komitetiniň sekretary Guan Çžio sebitе “Hubeý – açyklygyň içerki merkezi we strategik öwrülme” diýen simwoliki at bilen amala aşyrylan giň gerimli tanyşlyk saparynyň çäklerinde gelen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň hem-de ŞHG ýaly öňdebaryjy halkara guramalaryň bilermenleriniň wekiliýeti bilen resmi duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Hubeý welaýat komitetiniň sekretary bilen geçirilen duşuşykda HHR-de akkreditirlenen 27 döwletiň we halkara guramanyň Ilçileriniň hem-de ýokary wezipeli diplomatlarynyň adyndan Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Parahat Durdyýew çykyş etdi.

Şeýle hem çärä Hytaýyň “Sinhua” döwlet habarlar agentliginiň baş redaktorynyň orunbasary Žen Weýdun,welaýat komitetiniň sekretarynyň orunbasary Žuge Ýuýsze gatnaşdylar.

Geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda türkmen diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy tutuş wekiliýetiň adyndan Hubeý welaýatynyň ýolbaşçylaryna, “Sinhua” institutyna we ähli guramaçylara saparyň ýokary derejede taýynlanylyşy üçin çuňňur minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň Ilçisi iki dostlukly halkyň arasyndaky asyrlar boýy dowam edip gelýän gatnaşyklaryň çuňňur siwilizasion häsiýetini nygtap, häzirki 2026-njy ýylyň taryhy dowamatlylygyny aýratyn belledi.

Çykyşda şu ýylda ýokary döwlet derejesindäki duşuşyklar netijesinde täze badalga alan döwletara gepleşikleriň ýokary depginine aýratyn üns çekildi. 2026-njy ýylyň martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna sapar amala aşyryp, saparyň dowamynda HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen jikme-jik we netijeli gepleşikleri geçirdi.

Gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmak kontekstinde Hubeý welaýaty esasy orunlaryň birini eýeleýändir. Türkmen-Hytaý hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara komitetiniň Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň howandarlygynda işleýän Türkmen-hytaý ylmy-innowasiýa forumy döwletara özara täsiriň iň möhüm syýasy we amaly guraly hökmünde çykyş etdi. Sebit derejesinde bolsa Hubeý welaýatynyň Halkara ylmy-tehniki alyş-çalyş merkezi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň öňdebaryjy hyzmatdaşy hökmünde ykrar edildi.

Resmi duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň HHR-daky Ilçisi P.Durdyýew ähli gatnaşýan diplomatik wekilleriň adyndan tanyşlyk saparynyň guramaçylaryna sebitiň ykdysady mümkinçiliklerini jikme-jik öwrenmäge döredilen mümkinçilik üçin ýene-de bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi we munuň ýurtlaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de rowaçlanmagyna hem-de berkemegine hyzmat etjekdigini belledi.