Paýtagtymyzda şu ýyl özüniň 100 ýyllyk ýubileýini belleýän A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň sahnasynda çagalar inklýuziw teatr topary tomaşaçylara «Zümerret şäheri» atly täze sahna oýnuny ilkinji gezek görkezdi.
Bu ertekiniň örän gyzykly taryhy bar. Geçen asyryň 1939-njy ýylynda ýazyjy we terjimeçi Aleksandr Wolkow amerikan ýazyjysy Laýmen Frenk Baumyň «Ozyň täsin jadygöýi» atly ertekisini esas edinip, özüniň «Zümerret şäheriniň jadygöýi» diýen ertekisini ýazýar.

Ertekide güýçli harasatyň netijesinde Elli atly gyzjagazyň özüniň Totoşka atly iti bilen jadyly Zümerret şäherine düşüşi barada gürrüň berilýär. Şäheri iki sany mähriban we iki sany gaharjaň jadygöý aýal dolandyrýan eken. Ýöne ähli meseleler boýunça gutarnykly çözgüdi Gudwin atly jadygöý kabul edýärdi. Elli bu şäherde akylly bolmagy örän isleýän bakja garantgysy – Straşila, ýüregi bolmansoň mundan ejir çekýän demir Agaç çapyjy hem-de batyr bolmagy arzuw edýän gorkak Ýolbars bilen tanyşýar.

Dostlar Gudwini gözläp ýola düşýärler, ýöne olar gaharjaň jadygöýleriň guran dürli päsgelçiliklerini ýeňip geçmeli bolýarlar. Bu taryhyň nähili tamamlanandygyna bolsa sahna eserine tomaşa edeniňizde göz ýetirersiňiz.
Çagalar inklýuziw teatr toparynyň ýolbaşçysy we oýun goýujy režissýory Tatýana Öwezmyradowa bu sahna oýnuny sahnalaşdyrmanka, çagalara birnäçe pýesalar bilen tanyşmagy hem-de özleriniň halaýan eserini saýlamagy teklip edipdi.

– Çagalaryň hut şu pýesany saýlamagy meni örän begendirdi, çünki ertekiniň gahrymanlary Gudwinden maddy baýlyklary däl-de, akyl, ýürek we edermenlik soradylar. Ertekide iki jadygöý mähriban, ikisi bolsa gaharjaňdyr. Bu edil diňe oňyn pursatlardan däl, eýsem, kynçylyklardan hem ybarat bolan durmuşyň özüne meňzeýär. Kynçylyklaryň öňünde dyza çökmezligi, meseleleri ýüze çykyşyna görä çözmegi öwrenmek – ine, Elliniň we onuň dostlarynyň taryhynyň bize berýän esasy sapagy – diýip, Tatýana Gennadýewna gürrüň berýär.

Sahna oýna 35 çaga, ýagny tutuş inklýuziw topar çekildi. Olaryň 20-den gowragy köpçülik sahnalaryna gatnaşdy. Sahnada köpsanly tomaşaçylaryň öňünde «Zümerret şäheriniň» gahrymanlary özlerini hakyky sahna ussatlary ýaly duýdular. Tomaşaçylar ýaş artistleriň döredijilik joşgunyny agzybir el çarpyşmalar bilen goldadylar. Bu üstünlik režissýoryň kömekçisi Aýna Jumaýewanyň, horeograf Tatýana Udowiçenkonyň we saz bezegçisi Sona Öwezmyradowanyň işjeň gatnaşmagy netijesinde gazanyldy.
Ahyrynda oýun goýujy režissýoryň sahna eseriniň her bir gatnaşyjysynyň adyny aýratynlykda tutup, tomaşaçylaryň öňüne baş egmäge çagyrmagy we olara mynasyp bolan şokoladlaryny gowşurmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Şol bir wagtyň özünde, Tatýana Gennadýewna «Zümerret şäheri» atly sahna oýnunyň şu ýylyň 29-njy iýunynda A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň sahnasynda görkeziljek beýleki düzüminiň esasy gahrymanlarynyň keşplerini ýerine ýetirijiler barada hem habar berdi.