Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri şu ýylyň 22 – 28-nji iýuny aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň deputatlary üçin Pekinde guralan «Kanun çykaryjy edaralaryň ornuny ýokarlandyrmak we Hytaý – Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygyny berkitmek» atly okuw maslahatyna gatnaşýarlar.
Okuw maslahatyň esasy maksady Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň arasyndaky parlamentara gatnaşyklary ösdürmek, kanun çykaryş ulgamy boýunça tejribe we pikir alyşmak, şeýle hem sebitara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, şeýle-de häzirki zaman dünýä ykdysadyýetiniň ösüş maksatlaryny nazara almak bilen, özara bähbitli, hemmetaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek we öňe sürmek, şeýle-de ösüş strategiýalaryny utgaşdyrmakdan ybaratdyr.
Okuw maslahatynda çykyş eden Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili iki döwletiň Baştutanlarynyň tagallasy bilen Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky möhüm hyzmatdaşlygyň özara hormat goýmak, ynam we deň hukuklylyk ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýändigini we täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny belledi. Şeýle-de çykyşda sebit derejesinde guralýan çäreleriň, duşuşyklaryň, forumlaryň we okuw maslahatlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak, parlamentara gatnaşyklary berkitmek hem-de Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze çemeleşmeleri üçin möhüm platforma bolup durýandygy bellenildi.
Çärä gatnaşyjylar sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we netijeli hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ösüp barýan parlament diplomatiýasynyň tutýan ornuna aýratyn üns berip, ýokary derejede guralan bu okuw maslahatyň kanunçykaryjylyk we parlament işinde ýurtlaryň arasynda tejribe alyşmagy dowam etdirmäge giň mümkinçilikleri döredýändigini bellediler.