Ï Türkmen dizaýneri «Tanger Fashion Week 2026» halkara moda hepdeliginde
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen dizaýneri «Tanger Fashion Week 2026» halkara moda hepdeliginde

view-icon 304
Türkmen dizaýneri «Tanger Fashion Week 2026» halkara moda hepdeliginde

Türkmenistanda we onuň çäklerinden daşarda geçirilýän iri moda görkezilişleriniň hemişelik gatnaşyjysy, tanymal dizaýner-modelýer Göwher Pirgulyýewa-Guwerne Marokkonyň Tanžer şäherinde geçirilen «Tanger Fashion Week 2026» halkara moda hepdeliginde täze işlerini hödürledi.

Abraýly «Silk Road and Al-Andalus» assosiasiýasy tarapyndan guralan çäre kaşaň «Fairmont Tazi Palace Tangier» myhmanhanasynda geçirildi. Döwrebap dizaýn ugurlarynyň köpdürlüliginiň arasynda türkmen modelýeriň işleri tejribeli we talapkär tomaşaçylaryň uly gyzyklanmasyna eýe boldy.

Göwher Pirgulyýewa-Guwerneniň işleriniň üstünliginiň syry onuň türkmen halkynyň milli el keşdesini, gadymy nagyşlaryny häzirki zaman dünýä moda bazarynyň talaplary bilen ussatlyk bilen utgaşdyrmagyndadyr. Bu diňe bir egin-eşik däl, eýsem, milli mirasyň ýokary moda arkaly täze many bilen baýlaşdyrylan janly beýanydyr.

Şu ýylyň iýun aýynyň başynda Aşgabatda geçirilen «Turkmentextile Expo – 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäginde uly moda görkezilişi guraldy. Şol ýerde Göwher Pirgulyýewa-Guwerne ýörite bu çärä bagyşlap taýýarlan «Beýik Ýüpek ýolunyň yzlary bilen» atly toplumyny görkezdi. Bu kolleksiýanyň döredilmegine Marakeşe amala aşyran sapary hem-de «Maroc Fashion Week 2026» moda hepdeligine gatnaşmagy ylham berdi.

– Bu işlerimde häzirki döwürde syýahat etmegiň, täze tanyşlyklary ýola goýmagyň, medeni gatnaşyklary ösdürmegiň we dünýä bilen sazlaşykly ýaşamagyň nähili möhümdigini görkezmek isledim – diýip, Göwher gürrüň berdi. – Sapar wagtynda meni patyşa maşgalasynyň rezidensiýasynda ýerleşdirdiler. Bu meniň üçin ýatdan çykmajak täsirli tejribe boldy. Biz köp gürrüňdeş bolup, halklarymyzyň medeniýeti barada pikir alyşdyk we örän köp umumylygyň bardygyna göz ýetirdik. Kabul edýän tarap Türkmenistan bilen tanyşandyklaryna tüýs ýürekden begendi. Köşgüň içinde türkmen halylarynyň ýerleşdirilmegi aýratyn ähmiýetli boldy. Men bu halylardaky nagyşlaryň çuňňur manysy barada gürrüň berdim, olar bolsa uly gyzyklanma bilen diňläp, hatda aýdanlarymy belläp alýardylar. Beýik Ýüpek ýoly asyrlaryň dowamynda dürli ýurtlary we siwilizasiýalary birleşdiripdir. Bu kolleksiýada men türkmen äheňlerini, marokko öwüşginlerini, nepis fransuz žakkardyny we gadym döwürlerden bäri ýokary gymmat bahaly şa matasy bolan brokady bir ýere jemledim.

2026-njy ýyl dizaýner üçin aýratyn üstünlikli ýyllaryň biri boldy. Ýanwar aýynda onuň brendi Parižiň ýokary moda hepdeliginiň çäginde geçirilen meşhur «Oriental Fashion Show» moda görkezilişiniň bezegine öwrüldi. Defile Pariždäki meşhur Aziýa sungaty milli muzeýi Gime (Musée Guimet) binasynda geçirildi. Dizaýneriň sözlerine görä, bu muzeýiň täsin ruhy we baý kolleksiýalary onuň döredijilik ylhamynyň tükeniksiz çeşmesidir.

Türkmenistan, Fransiýa we Marokko – Göwher Pirgulyýewa-Guwerneniň moda görkezilişleriniň geografiýasy barha giňeýär. Şeýle-de bolsa, onuň kolleksiýalarynyň esasy aýratynlygy hemişe öz milli köklerine wepalylygydyr. Türkmen dizaýneri gadymy senetçilik däplerini häzirki zaman moda meýillerine öwürmek bilen, hakyky däpleriň hiç haçan könelmeýändigini, tersine, olaryň Tanžerden Pariže çenli dünýäniň iň abraýly podiumlarynda terjimesiz düşnükli medeni diplomatiýanyň diline öwrülýändigini subut edýär.